
- Beýik jaýlaryň binýady çuňdan tutulýandyr. Agzybir maşgalanyň syry daşyna çykýan däldir.
- Maşgala ojagynyň binýadyny mäkäm tutuň.
- Durmuş şaňlap ýatan tekiz ýol däldir. Kötelli ýollary geçmek üçin hereket etmeli. Hereket etmek göreşmekdir.
- Maşgala syryny saklaň: aşhanada aýdylýanlaryň ählisi myhmanhanada eşidilýän däldir.
- Maşgala agzybirligini saklamak üçin gulagyňyzyň eşidenine däl-de, gözüňiziň görenine ynanyň!
- Maşgalada öýkeleşik bolmaz diýip bolmaz, ýöne öýkeleşik uzaga gitmeli däldir. Birden biriňiz söz açyp, öýkäni ýazmalysyňyz.
- Paýhasly adam öýe girende, aýalynyň ýüzi Adamsy öýe gelip, aýalynyň ýüzüne seredende göwni açylar, özüni bagtyýar duýar. Paýhasly aýal hem şeýledir.
- Maşgalada ýüze çykýan kiçijik meseleleri çişirip ýörmäň-de, derrew ony çözmegiň ugruna çykmalydyr.
- Maşgalada sabyrlylyk, çydamlylyk gerekdir. Ýöne esasy zat taraplaryň maşgaladaky jogapkärçiligi deňje paýlaşmagydyr.
- Biri-birini hormatlaýan doganlaryň gahary uzaga gitmez. Olar diňe bilelikde gowy adama öwrülip bilýärler.
- Akylly ogul ata-enesini begendirýändir.
Yhlas ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.