18-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Parahat-1 kiçi etrapçasynda ýerleşýän Gujurly bilim merkeziniň okuw binasynda «Ýaş matematik» ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de Gujurly bilim merkeziniň bilelikde guramagynda geçirildi. Bäsleşigiň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň ählitaraplaýyn kämilleşmegine gönükdirilen bilim syýasatyny wagyz etmek, ýaşlarda ylma çuň höwes döretmek, zehinlerini we ýatkeşligini artdyrmak üçin matematika hünärinden halkara olimpiadalarda öňdebaryjy orunlara eýe boljak ýaş hünärmenleri — ýaş matematikleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Bu bäsleşikler toplumynyň üsti bilen, Gujurly bilim merkezi diňleýjilerine öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin mümkinçilikleri döretdi. Mugallymlar hem öwretmegiň interaktiw usuly boýunça dabarany geçirdiler.
Bäsleşikde baýrakly orunlara eýe bolan ýaşajyk matematiklere TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi, TSTP-niň Aşgabat şäher komiteti hem-de Gujurly Bilim merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 24-nji sentýabrda geçiriler.
Myrat ATABAÝEW,
Gujurly bilim merkeziniň guramaçysy.