SliderŽurnalistiň sahypasy

Sanly metbugatyň sansyz mümkinçiligi

19-09-2022 / 14

Ähli döwürlerde öz gymmatyny ýitirmeýän köpçülikleýin habar beriş serişdesi bar: METBUGAT. Häzirki zamanamyzda amal edilýän täzeçe ösüşlerden milli metbugatymyz hem öz paýyny alýar.

Dur­mu­şyň is­len­dik ugur­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, met­bu­gat­dan edil­ýän ta­lap hem bir­meň­zeş: Döwrebaplyk, Tygşytlylyk, Amatlylyk. Ine, ýo­kar­da ag­zan müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­zi özün­de jem­le­ýän elekt­ron met­bu­gat ne­şi­ri — «turkmenmetbugat.gov.tm» si­ziň hyz­ma­ty­ňyz­da.

Şu­ny anyk we ynam­ly aý­dyp bi­le­ris: ösen hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­ti­ni in­ter­net­siz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Çün­ki bu dur­muş tä­ze­li­gi bi­ze ju­da uly müm­kin­çi­lik­le­ri ba­gyş ed­ýär. Aý­da­ly, dün­ýä­niň is­len­dik kün­je­gin­de ýa­şa­ýan dost-ýar­la­ryň bi­len gü­nüň is­len­dik wag­tyn­da hal-ah­wal so­raş­ma­gy. Ýa-da is­len­dik dün­ýä tä­ze­lik­le­ri bi­len şol pur­sat­da ta­nyş­ma­gy. Dur­muş hyz­mat­la­ry ba­ba­tyn­da aý­da­ny­myz­da-da müm­kin­çi­lik­le­riň çyg­ry ju­da giň. Ga­raz, şeý­le amat­lyk­la­ryň sanasaň, so­ga­by bar.

Şo­nuň üçi­nem ýur­du­myz­da in­ter­net hyz­mat­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le-de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ryn­da 2025-nji ýy­la çen­li san­ly ul­ga­ma geç­mek bo­ýun­ça en­çe­me iş­ler, has ta­ky­gy, ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le iş­ler az wag­tyň ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, dur­mu­şy­my­za he­ni­ze çen­li gör­me­dik nyg­mat­la­ry­my­zy eçi­lip baş­la­dy. Ýa­şaý­şy­my­zyň is­len­dik ug­ru­ny ýe­ňil­leş­dir­mek­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ne has çuň göz ýe­tir­me­gi­miz bi­len bol­sa, san­ly ul­ga­myň işi­mi­zi aň­sat­laş­dyr­ma­gy­na bolan hö­we­si­miz­dir is­leg­le­ri­miz hem art­dy. Buý­sanç­ly ýe­ri, döw­rüň taý­syz nyg­mat­la­ryn­dan «sanly» hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi bar­ha gi­ňe­ýär. Met­bu­gat ul­ga­my ba­bat­da ala­ny­myz­da bu ýe­ňil­lik­le­ri «met­bu­gat.gov.tm» in­ter­net saý­ty dö­re­den bol­sa, bu gün­ki gün «turkmenmetbugat.gov.tm» internet ne­şi­ri mu­nuň üs­tü­ni ýe­tir­ýär.

Met­bu­gat ne­şir­le­rin­den edil­ýän döw­rüň ta­lap­la­ry «turkmenmetbugat.gov.tm» in­ter­net ne­şi­rin­de do­lu­ly­gy­na bar. Si­ze bu ne­şi­re abu­na ýa­zy­lyp, tä­ze­lik­ler bi­len gü­nüň is­len­dik pur­sa­dyn­da, gyzgyny bi­len ta­nyş­mak­dan lez­zet al­mak ga­laý­ýar.

Zibagözel HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu