Siziň üçin...Slider

Üstünligiň ikinji ýoly

19-09-2022 / 16

Maksatly bolmak. Maksat — bu ynsanyň içindäki arzuw-umytlaryny durmuşa geçirmegiň esasy şertidir.

Islendik adamyň ýüreginiň töründe hökmany suratda uzyn we gysga möhlete eýe bolan maksat ýaşaýar. Meselem, mekdebe ilkinji sapar gadam basýan okuwçynyň maksady “okamagy öwrenmek”. Bu gysga wagtlyk maksatlaryň görnüşine degişli.

Her iş maksatly edilen ýagdaýynda güýçli we täsirli bolýar. Her bir ynsanyň arzuw-maksatlary ýaşyna baglylykda üýtgeýär we ulalýar. Islendik kişi arzuwlaryny durmuşa geçirmek üçin öz öňünde takyk maksatlary goýmalydyr.

Meselem: Meniň maksadym — iş durmuşymda meýilleşdiren “a” nokadyma gelmek. Şonuň üçin irginsiz zähmet çekýärin we netijesinde men öz ykdysady erkinligimi gazanaryn. Meniň maksadym — özüme ynanylan işi kämil derejede ýerine ýetirmek we özümi gowy tarapdan görkezmek. Şonuň üçin hem yhlas bilen işleýärin. Netijede bolsa, maňa has ýokary ynam bildiriler.

Meniň maksadym — durmuşymdaky mümkinçiliklerimi belent derejelere ýetirmek. Öz öňüňizde maksat goýan wagtyňyz, ilkinji nobatda wagty kesgitlemeli. Ýogsa, maksatlaryňyzyň gury hyýala öwrülmegi mümkin. Maksatlaryňyza ýetilmeli möhleti kesgitläniňizde anyk bir senäni belgilemeseňiz hem, takmynan, belli bir wagty bellemeli. Şonda siz üstünlik gazanyp bilersiňiz!

Laçyn AKYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu