Adamzadyň diňe parahatçylyga, agzybirlige, gadyr-gymmatlylyga, salykatlylyga gönügen ruhy baýlyklaryndan uly hazyna döräpdir. Şol hazynadan her kim öz paýyny alýar. Şol hazynany her kim özüniňki hasap edýär. Biziň daýanjymyz, örkümiz şonda. Şonuň üçinem Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr.
Türkmen halky bu gün öz bagtyna dünýä eşretleriniň el ýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň merdana türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.
Garaşsyzlyk ̶ halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.
Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.
Ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününiň 31 ýyllyk şanly toýy bilen ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Şatlyk ARSLANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Ýer ulanylyşy hünäriniň 103-nji toparynyň talyby.