1876-njy ýylda Aleksandr Grehem Bell telefony oýlap tapypdyr. Şol wagta çenli adamlar mors elipbiýi bilen telegraf ulgamyny ulanypdyr. Mors elipbiýi – gysga we uzyn yşaratlar arkaly habarlaşmak üçin ulanylýan usul bolup hyzmat edipdir. Bu elipbiý bolsa Morze Semýuel tarapyndan 1835-nji ýylda taýýarlanylypdyr.
Batyllaryň okuwy bilen gyzyklanan Grehem Bell telegraf boýunça habarlaşmak usulyny kämilleşdirmek isleýär. Ol bir gün barlaghanasynda tejribe geçirýärkä, bir otagdan beýlekä simdäki ses yrgyldylaryň barýandygyny aňýar. Şeýlelik-de, adamlaryň sesini bu yrgyldylara geçirip biljekdigine göz ýetirýär. Ilki başda taýýarlanylan bu enjam 10 metr aralykdan habarlaşmak üçin amala aşyrylýar. Soňra wagtyň geçmegi bilen mikrofonlar ýüze çykyp, ýukajyk perdelerdäki yrgyldylardan çykýan sesi beýgeltmek mümkinçiligi döreýär. Bu usulyň kämilleşmegi bilen ses yrgyldylaryny güýçlendiriji elektrik akymyndan peýdalanylyp başlanýar. Netijede bolsa, telefon oýlanyp tapylanyndan soňra 10 ýylyň içinde bütin dünýä giňden ýaýraýar. Maglumatlara görä, 1880-nji ýylda Amerikada telefon abunasynyň sany takmynan, 70 000-e ýetipdir. Haçan-da, 1922-nji ýylda Aleksandr Grehem Bell aradan çykanda, ABŞ-da telefon aragatnaşygy 1 minutlyk togtadylýar. Şonda bu ulgamy ulanýanlaryň sany 17 million eken. «ALO» sözüniň manysy bolsa Grehem Belliň aýaly Allessandra Lolita Oswaldonyň baş harplarydyr. Bell telefony oýlap tapanyndan soň ilkinji telefony öz öýüne çekipdir. Haçan-da, Belle aýalyndan jaň gelende, onuň adyny tutup galdyrypdyr. Wagtyň geçmegi bilen adyny gysgaldyp aýdyp başlapdyr. Şondan soň, adamzat taryhynda «ALO» sözi ulanylmaga başlanypdyr.
Dünýä RIZAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 209-njy toparynyň talyby.