Siziň üçin...Slider

Öwrenmegiň iň dogry ýoly

17-09-2022 / 16

Kitap okamaly! Üstünligiň ýoly bilimiň merkezinden geçýär. Okamak söýgüsine we okamak endigine eýe bolmagy başaranymyz­da uly üstünliklere ýetip bileris. Öwren­megiň iň dogry ýoly okamakdyr. Geljek­ki durmuş derejäňizi, çeken zähmetiňiz bilen baglanyşdyranyňyzda muňa göz ýetirip bilersiňiz.

Bilim hazynasyndaky kitaplaryň saýasynda, bir ömrüň tejribesine bir gi­jede akyl ýetirýäris. Kitap okamak ýeri gelende taryhdaky beýik şahsyýetler bilen söhbetdeş bolmak, olaryň dünýägaraýşyna, pähim-paýhasyna gysga wagtyň dowamynda eýe bolmak ýaly­dyr.

Magtymguly Pyragy bilen bir çyzykda, Wiktor Gýugonyň durmuş kynçylyklarynda, Dosteýewiskiýniň dünýä ýaň salan eserlerinde, Gurbannazar Ezizowyň kalbymyza siňen setirlerinde, Çingiz Aýt­matowyň asyrlara deňän gününde özüňi tapmak ýaly uly bagt bolmasa gerek.

Kitap okan wagtyňda pikirleriň durlanar, zehiniň ýiteler, diliň ýazylar, sözleriň  täsirli ýaňlanar, göwnüň göteriler, gursagyň giňär. Okaýan adam durmuşda hiç-hi­li kynçylyk çekmez, çekse-de ejizlemän hötdesinden gelmäni başarar. Kitap bilen ýaşaýan adam durmuş hadysala­ryna diňe bir penjireden däl-de, eýsem birnäçe penjireden seretmäni we olary dogry okamany başarar. Kitap okamak hyýal dünýäňde kinofilm çekmek ýalydyr.

Gurbanaý NOBATOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Atçylyk hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu