Gahryman Arkadagymyzyň sungat eseri bolan, Arkadagly Serdarymyzyň üns-aladasyna ýugrulan, mähriban halkymyzyň buýsanjy siňen Aşgabat täze taryhy eýýamda gaýtadan galkynýar.
Ösüşiň ähli ugurlary boýunça belent sepgitleri gazanyp, ümzügini diňe öňe sary ilerledýän türkmen paýtagty «Halkyň Arkadagly zamanasynda» täze röwşe, täsin öwüşgine eýe bolýar. Ýylyň ähli pasyllarynda hem görkana görnüşi bilen görenleri haýrana goýýan Baş şäherimiz açyk asmandan seredeniňde giň seýilgäh zolagyny ýadyňa salýar. Jennete çalymdaş juwan şäherimiz ýüz kyrk ýaşy arka atan hem bolsa barha täzelenýär, pursat saýyn özgerýär.
Gahryman Arkadagymyzyň binýat eden şähergurluşyk maksatnamalaryndan, irginsiz aladalaryndan, mähir-yhlasyndan gözbaş alan kämil özgertmeler ýoly Aşgabadyň ykbalyna bagtyýar wakalary bagyşlaýar. Gujagy her gün toýly, degresi baýram-dabaraly ak şäherimiz aýdym-sazlaryň, ýakymly ýatlamalaryň mekany hökmünde tanalýar.
Bu günki günde döredilýän mümkinçiliklerden we şertlerden peýdalanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan paýtagtlylar biri-birinden üýtgeşik täzelikleriň yzygiderli şaýady bolýarlar. Täze ulag-aragatnaşyk hyzmatlary, ýol-ýodalaryň milli bezegleri, ekologiýa taýdan göze gelüwli güllere bürenen tebigat, döwrebap hyzmat ediş ulgamy, sanlylaşdyrylan mümkinçilikler we beýlekiler tutuş şäheri gurşap alýar. Öz halky hakynda şeýle aladalary edýän, giň mümkinçilikleri döredýän döwletiň raýaty bolmak, gör, nähili bagtlylykdan alamat.
Kaşaň-kaşaň ýaşaýyş jaýlary, giň şaýollar, döwrebap edara binalary, söwda we dynç alyş düzümleri bilen durmuşa bolan höwesi döredýän ýurduň merkezinde durmuş ugurly döwlet syýasaty barha dabarlanýar. Ýeri gelende bellesek, bu ýagdaý, akylly şäher gurşawynyň düzümlerini emele getirýär.
Ylym-bilimiň, saglygy goraýyşyň, sportuň, ösen ykdysadyýetiň, milli medeniýetiň ösen merkezine öwrülen Aşgabat halkara giňişliginde hem uly abraýdan peýdalanýar. Halkara derejeli ylmy maslahatlaryň, duşuşyklaryň, sergileriň, forumlaryň, baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan bu şäher guramaçylyk işleri üçin hem amatly meýdança hökmünde saýlanýar. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň tarapdary bolan Bitarap ýurduň paýtagty ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlarynyň, meşhur Halkara guramalaryň baýraklarynyň hem sanawyndadyr. Munuň özi türkmen paýtagtynyň milli öwüşgini, halkyň kalbynyň aklygynyň daşky görnüşde ýüze çykmasy hökmünde bu ýurda gadam goýan her bir myhmany hem jahankeşdäni özüne çekýär.
Myhmansöýerligiň milli nusgasyny özünde jemleýän, türkmen halkynyň göz-guwanjy bolan Aşgabat iri myhmanhalaryň hem merkezidir. «Aşgabat», «Oguzkent», «Arçabil», «Nusaý», «Garagum», «Sport», «Olimpiýa», «Arkadag» ýaly ajaýyp hem-de aňrybaşy mümkinçilikleri özünde jemleýän otelleriň, myhmanhanalaryň mekany bolan bu şäher öz goýnuna gelenleri türkmen dünýäsiniň hormaty bilen gurşaýar. Bu ajaýyp myhmanhanalar gurluş aýratynlyklary, daşky keşbi, amatly mümkinçilikleri bilen tapawutlanyp gelenleri haýrana goýýar. Bu ýerlerde hakyky türkmeniň milli mertebesi, döwletlilik ýörelgesi, myhman sarpasy aýdyň duýulýar. Ýüreklere barýan ýoly yzarlaýan milli usulyýeti we döwrebap aýratynlyklary bilen tapawutlanýan Baş şäherimiz eýýamlaryň tejribesini birleşdirip, ýüze sylynýan kämilligi özünde jemleýär. Şeýle belent derejelilik, mertebelilik bolsa Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan, ägirt uly gaýratyndan gözbaş aldy.
Ýörelgeli ýoly rowaçlandyryp, ýurt ýüregini meşhur mekana öwren, goýnuny bagy-bossana, agşamlaryny aýdyň ýagtylyga, gündizlerini gül-gülälege beslän hormatly Prezidentimize ähli türkmenistanlylaryň alkyşlary egsilmezdir. Şeýle bolansoň köňül töründen çykýan alkyşlar şahyryň şu setirleri ýaly gulaga juda ýakymly eşidilýär.
«Döwlet diňe halky bilen döwletdir»,
Döwlet beýik millet üçin hümmetdir,
Bu döwletde şähriň mähri gymmatdyr,
Ak Aşgabat dünýä nurun sepeläp,
Arkadagly Serdar bilen galkynýar.
Rejepdurdy BEGENJOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.