
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we gurluş, inženerçilik çözgütleriniň döwrebaplygy, olarda tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde oňa erk edip we dolandyryp bilýän, täze taslamalary işläp düzmegi başarýan hünärmenleri ýetişdirmek işi döwletiň üns merkezinde saklanýar.
Bu ugurda alnyp barylýan tehniki ylmy syýasatynyň rowaçlanýandygyny bolsa Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemek bilen baglydyr.
Nesilbaşymyz Oguz han türkmeniň adyny göterýän bu ýokary okuw mekdebimizde bilimiň halkara ölçeglerine, milli bilim ulgamynyň ýörelgelerine, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýüzlerçe talyba ýokary hünär bilimi berilýär. Uniwersitetimizde ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça degişli fakultetlerde ýokary bilim-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar.
Mysal üçin, himiki we nanotehnologiýalar fakultetimizde okuwlar materiallar baradaky ylymlary we tehnologiýalary öwrenmekden başlanýar hem-de ýarymgeçirijileri, metallary, keramikany, ýumşak we beýleki maddalary düýpli öwrenmek bilen dowam etdirilýär. Şeýle-de esasy üns nanohimiýada, elektronikada, energiýany bir görnüşden başga görnüşe öwürmekde, biolukmançylykda ulanylýan tehnologiýalara berilýär.
Ähli fakultetlerde hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyp ýaşlara tejribeli mugallymlar, uly mugallymlar, ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, dosentler we professorlar hünär öwredýärler. Sapaklar sanly ulgamda, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem özleşdirilip, onda bilim usulyýetiniň soňky gazananlary işjeň peýdalanylýar. Sapaklar amaly we umumy görnüşde bolmak bilen, tejribeler arkaly berkidilýär. Öwrenilenleri özleşdirmek, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen hünär ugurlaryna laýyklykda göçme okuw sapaklary, teleköpri arkaly baglanyşyk we önümçilik tejribelikleri hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan höweslerimizi has-da artdyrýar.
Ýokary okuw mekdebimiziň toplumlaýyn binalary kaşaňlygy, okuw otaglarynyň ýokary hilliligi, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýy, sport merkezi we beýlekiler bu ýerdäki işleriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Okuwlary we ylmy-barlag işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin uniwersitetiň ýanynda ýörite okuw we ylmy merkezler hem hereket edýär. Onda ýaş alymlaryň hem ylmy işleri, täze taslamalary alyp barmaklary, inženerçilik we tehnologiýa boýunça işläp-düzmek boýunça tejribeleri geçirmek üçin giň mümkinçilik açylýandygyny hem bellemek gerek.
Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde diýarymyzda tehnologlaryň we inženerleriň täze nesli kemala gelýär. Bu bolsa ykdysady, syýasy we medeni taýdan kuwwatly ösýän döwletimiziň häzirkizaman gadamlarynyň diňe öňe ilerleýändiginiň alamatydyr.
Gülnar ÖWEZDURDYÝEWA.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijisi.