Aşakdaky surata ünsli serediň! Haýsy geometrik şekil size has ýakymly?
- Birinji şekili saýlan — “Ýolbaşçy”. Adatça, bu adamlar ýolbaşçylyk we guramaçylyk işlerine ýykgyn. Sosial sfera ýeňil uýgunlaşýar. Beýlekileriň üstünden agalyk etmegi gowy görýär. Şeýle adamlar ýaşyl reňki saýlaýarlar.
- Ikinji şekili saýlan — “Jogapkärçilikli ýerine ýetiriji”. Bu häsiýetdäki adamlar ýokary jogapkärçilikli, özüne we başgalara talap ediji, berlen işi başarnykly ýerine ýetirýärler. Adalatly şahsyýet hökmünde häsiýetlendirilýär.
- Üçünji şekili saýlan — “Dartgynly-ynamsyz”. Dürli görnüşli ukyby döredijilige berlenligi, inçeden gelýän el işleri ýerine ýetirmegi bilen tapawutlanýar. Adatça, bu häsiýetdäki adamlar öz hünärleri bilen baglanyşykly bolmadyk hünär bilen çalşyp bilýärler. Şeýle-de bularyň hemişe işinden daşary söýgüli kärleri bolýar. Tertipsizligi we hapaçylygy halamaýarlar. Şol sebäpli hem köp adamlar bilen konflikte girýärler. Bu adamlar örän ýumşak we özüne ynamsyzlygy bilen tapawutlanýarlar. Mähirli gatnaşyklary isleýärler.
- Dördünji şekili saýlan — “Ylyma ýykgynlylyk”. Bu adamlar ýokary bilimi, durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar. Özüniň hereketlerini pikirlenýärler. Bu häsiýetli adamlar kino, sirk, režissura sungaty bilen meşgullanýarlar.
- Bäşinji şekili saýlan — “Intuitiw” Bu häsiýetdäki adamlar nerw ulgamynyň ýokary duýujylygy bilen tapawutlanýarlar. Bulara bolup geçen wakalary derňemekdäki işleri tabşyrsaň, haýrana galdyryjy netijeleri berýärler. Täzeçil, beýleki adamlar barada alada etýän alturist. Döredijiligiň tehniki görnüşi bilen meşgullanýarlar.
- Altynjy şekili saýlan — “Oýlap tapyjy”. Bu adamlar baý oýlanmalara we giň görüş ukyplaryna eýedir. Olar, köplenç, tehniki we sungaty döredijiligi bilen meşgullanýarlar. Olar şahsy ahlak normalary kadalary bilen ýaşap, öz-özlerini barlamakdan başga hiç-bir zady kabul etmeýärler. Duýgur we öz şahsy taglymatlary bilen diwana.
- Ýedinji şekili saýlan — “Duýgur”. Başgalar babatda ýokary aladaçylyga eýe. Kinofilmleriň ýowuz kadrlaryny agyr başdan geçirýär we ony görenlerinden soň köp wagtlap özlerine gelip bilmeýärler. Başga adamlaryň agyrlary we aladalary bu adamlarda duýgudaşlyk döretýär.
- Sekizinji şekili saýlan — “Duýgurlyga garşy”. Bu adamlar duýgur görnüşli adamlaryň düýp garşysy. Köplenç, başga adamlaryň aladalaryny duýmaýarlar, hatda olara basmak bilen bolýarlar. Eger-de bu adamlar hünärmen bolsalar, onda olar başga adamlary öz islän zatlaryny etdirmäge mejbur edýärler. Käwagt adamlar öz meselelerinde utgaşanlarynda rehimsiz bolýarlar.
«TürkmenGazet».