Moskwanyň Söweş sungaty merkezinde «Sambony döredijileriň Kubogy» halkara ýaryşy geçirildi. Ýaryşa 13 ýurtdan 200-den gowrak türgen gatnaşdy, olar erkekleriň we zenanlaryň arasynda 7 agramda we söweş sambosynda baýraklar üçin tutluşdylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Iki gün dowam eden ýaryşda ildeşlerimiz jemi 9 sany – 1 altyn, 4 kümüş we 4 bürünç medallary eýelediler.
Ýygyndymyzdan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby Dawid Awçýan 64 kg. çenli agramda altyn medala mynasyp boldy. Aýgytlaýjy tutluşykda D. Awçýan öz ildeşi – Aşgabadyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Kerimberdi Döwletowdan rüstem geldi. Netijede Kerimberdi Döwletow ikinji ýeri eýeledi.
Sport sambosynda Muhammet Kössekow (71 kg. çenli agramda), Begenç Baltaýew (79 kg. çenli agramda) we Guwanç Begalyýew (98 kg. çenli agramda) çykrş edip, kümüş medal eýelediler.
Sport sambosynda Angelina Filippowa (59 kg. çenli agramda), Nedir Allaberdiýew (79 kg. çenli agramda), söweş sambosynda – Serdar Hojamuhammedow (88 kg. çenli agramda) we Bezirgen Begenjow (98 kg. çenli agramda) çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldular.
«TürkmenGazet».