13-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ilkinji gezek geçirilýän «Çalsana, bagşy!» döredijilik gözden geçirilişiniň jemleýji tapgyry boldy.
Bu täze aýdym-saz bäsleşigi milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli şu ýylyň ýanwar aýynda esaslandyryldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bagşy-sazandalaryň arasyndaky bu döredijilik bäsleşigini ýokary derejede gurady. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilýärler. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Şolaryň hatarynda gyzlaryň 4-siniň bardygyny bellemek gerek. Ýeňijiler Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy.
“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri:
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň “Galkynyş” folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Dowletowiç Aşirow;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 1-nji derejeli artist-wokalisti Öwezgeldi Orazgeldiýewiç Amanow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Annageldiýewiç Daňatarow;
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hojaguly Öwezgylyjowiç Hojagulyýew;
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Döwletgeldi ogly Durdyýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Jumanýaz gyzy Atajanowa;
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumaýewiç Jumageldiýew;
Lebap welaýatynyň Halaç etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Haýytmyrat Jumageldiýewiç Illiýew;
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýewiç Çaryýew;
Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Oguzhan etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Omor Garmämmedowiç Şiriýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ogulnabat Annamämmedowna Berdiýewa.