Habarlar

Türkmen kinematografiýaçylary halkara festiwalyna gatnaşar

12-09-2022 / 17

Oguzhan adyndaky«Türkmenfilm» birleşiginiň wekilýeti 13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkent şänerinde geçiriljek «Ýüpek ýolunyň merjeni» XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşar.

Daşkent kino baýramynda dünýäniň 40 ýurdundan çeper, dokumental we gysga metražly filmleriň 150-si görkeziler şeýle hem kino önümçiligine, bilimine, kinofilmleri görkezmäge, filmleri surata düşürmäge degişli çäreleriň 20-den gowragy geçiriler.

Daşkent halkara kinofestiwlaynyň çäklerinde 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň baştutanlarynyň Sammitine gabatlanyp, şol ýurtlaryň kino Günleri geçiriler, oňa hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagyryldy.

Türkmen kinematografiýaçylary Daşkent kinofestiwalynyň çäreleriniň köpüsine, şol sanda onuň açylyş we ýapylyş dabaralaryna, ýaş kinematografiýaçylaryň «Kino bäş günde» halkara bäsleşigine, GDA ýurtlarynyň milli kinostrudiýalarynyň mejlisine gatnaşarlar, onda Arkalaşygyň ýurtlarynyň kinosenagaty guramalary halkara birleşigini döretmek barada Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar, şeýle hem 13, 16 we 17-nji sentýabrda Türkmen kinosynyň günlerini geçirerler. Onda türkmen režisýorlary Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At-myrat» filmleri görkeziler.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu