Ýurdumyzda geçirilmegi däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, dünýäniň beýleki döwletlerinde hem giň möçberli meseleleriň biri bolup durýar. Sazlaşykly ösüşleriň bagtyýarlyga beslenýän döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da giňelýändigine, bolelinligiň dabaralanýandygyna raýatlarymyza degişli bolan awtoulaglaryň sanynyň barha artýandygy hem şaýatlyk edýär. Şol sebäpli-de ýurdumyzyň ýollarynda ulaglaryň gatnawlary has-da ýygjamlaşýar. Bu bolsa, ýol hereketi babatda birnäçe oňyn çözülmegini talap edýän meseleleri döredýär. Şeýlelikde, ulaglaryň sanynyň artmagy bilen bu wezipe gün-günden has wajyp häsiýete eýe bolýar.
Biraýlygyň çäklerinde halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesliň köçe-ýol hereketiniň düzgündir kadalary boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen çäreler geçirilýär. Çäreleriň barşynda polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýörite sapaklary geçýärler.Olaryň barşynda köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada gürrüň berýärler, degerli öwüt-ündewler aýdylýar.
Ýol-ýodalarymyzyň arassalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, şäherimiziň elmydama tämizligini gazanmak biziň her birimiziň jana-jan borjumyz bolup durýar.
Döwran JUMAÝEW,
Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.