Habarlar

Milli oýunlarymyza bagyşlandy

11-09-2022 / 15

Medeniýet ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramaklarynda “Türkmen milli oýunlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti” atly çäre geçirildi.

Oňa Döwletliler köşgüniň mekdep okuwçylary, Bäşim Nuralyýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň we beýleki sungat mekdepleriniň okuwçylary, Aşgabat şäher Çagalar sungat mekdebiniň hem-de Aşgabat şäherindäki birnäçe mekdepleriň okuwçylary, mekdebe çenli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çagalar özleriniň goşgudyr aýdymlary hem-de edebi sahnalary bilen çykyş etdiler. Hususan-da, olaryň türkmen halk döredijiligine mahsus bolan parçalary ýerine ýetirmekleri gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Oglandyr gyzjagazlar türkmeniň gadymdan gelýän milli oýunlaryny ýerine ýetirmek bilen, ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenip, özleriniň ene topraga ygrarly ýaşlardygyny ýene bir ýola açyp görkezdiler. Ýokary guramaçylyga eýe bolan şeýle dabaranyň geçirilmegi mekdebe çenli we mekdep okuwçylarynyň döredijilik ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge uly mümkinçilik döretdi.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara we döredijilik toparlaryna Hormat hatlary gowşuryldy.

Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu