Habarlar

Ýurdumyzyň mekdeplerinde italýan dili öwrediler

03-09-2022 / 11

Ozal italýan dili aýry ders hökmünde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebinde üstünlikli ornaşdyrylypdy. Täze, 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýöriteleşdirilen mekdeplerinde hem italýan dili öwredilip başlanar.

Häzirki wagtda ýöriteleşdirilen mekdeplerde okuwçylar rus, iňlis, ýapon, hytaý, koreý, nemes, fransuz, arap we pars dillerini öwrenýärler. Dünýäde iň meşhur dilleriň biri bolan italýan dili Türkmenistanyň mekdeplerinde öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň onunjysy boldy.

Täze dili öwrenmek 2017-nji ýylyň dekabrynda tassyklanylan daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmegiň çäklerinde ornaşdyryldy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu