PsihologiýaSlider

Siz nähili derejede gaharjaň?

Psihologiki test

03-09-2022 / 69
  1. Birinji bagy saýlan — Siz ýeterlik zalym, şol sanda hem hüşgär. Siziň edýän hereketleriňize elmydama wyždan ýolbaşçylyk edýär. Siz gaharyňyzy kontrollykda saklaýarsyňyz.
  2. Ikinji bagy saýlan — Siz hakykatdan hem şikaýatçy däl. Sizi wyždan şübhesi jebir çekdirmeýär. Öz islegleriňizi durmuşa geçirmek üçin mümkin bolan ähli zady edersiňiz. Has dogry aýdanyňda, şahsy we maddy gymmatlyklar başga adamlaryň sag-salamatyndan we saglygyndan siz üçin wajyp. Öz gyzyklanmalaryňyzy hatda gahar ýoly bilen hem goramaga taýýar.
  3. Üçünji bagy saýlan Siziň ýagdaýyňyzda hemme zat ýönekeý. Siz hatda uzak wagtlaýyn gaharjaňlyga-da, zalymlyga-da ukyply adam däl, diňe bir seresapsyzlyk bilen bolaýmasa. Siz örän ýumşak we dawa-jenjelsiz adam. Mydama “Uçly burçlary” tekizlemäge çalyşýarsyňyz.
  4. Dördünji bagy saýlan Siz ýokary aňlaýyşa eýe. Şu görnüşdäki adamlaryň käbir wekilleriniň akyl ýetiriş ukyby IQ–niň 145 nokadyna ýetip, örän zehinli hasaplanýarsyňyz. Siz ýeterlik rahat we özüňizi ýerlikli alyp barýarsyňyz, şonuň üçin hem, kontrolda saklap bolmajak gaharjaňlygy ýüze çykarmaýarsyňyz.
  5. Bäşinji bagy saýlan Sizi zalym diýip hasaplap bolmaýar. Siziň dünýägaraýşyňyz adamkärçilik we dogruçyllyk bilen kesgitlenýär. Siziň durmuşda tutýan ornuňyz we dünýägaraýşyňyz siziň ýumşaklygyňyz bilen bagly. Gaharjaňlygy ýüze çykarmaga siz düýbünden ukypsyz.
  6. Altynjy bagy saýlan Käwagt siz örän gaharjaň bolup bilýärsiňiz. Siz duýgur adam bolup, ýagty duýgulary, gaharjaň duýgulary we başga-da islendik duýgulary başdan geçirip bilýän adam. Siz gaharjaňlykdan hem lezzet alyp bilýärsiňiz. Sizde ýüze çykan gaharjaňlygyňyz, siziň mätäçligiňizi kanagatlandyrmaga gulluk edip biler.

7. Ýedinji bagy saýlan — Şahsy we maddy girdeýji siziň üçin örän wajyp. Gaharjaň ýagdaýda gönümel däl-de, assyrynlyk bilen hereket etmegi makul bilýärsiňiz. Kontrolda saklap bolmajak gaharjaň ýagdaý ýüze çykanda açyk söweşe siz ukyply däl bolsaňyz gerek. Ýöne ýerden siziň gaharyňyzy getirmegiň geregi ýok. Siz gaharjaňlygyňyzy daşyňyza çykarman, ýuwaşlyk bilen hakyňyzy alyp bilýärsiňiz.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu