Diýýärler..
Diýýärler: “Ýylanyň gowusy bolmaz”,
Şu aýdylan gürrüň dogrudyr, belkem.
Emma oň şeýle bir dogry däldigne,
Ýaşap ýörseň akyl ýetirýäň kem-kem.
Ýalňyş — biraýakdan sürmek baryny,
Ýylanlaryň iň howplusy kepjebaş.
Ine, seň öňüňde örboýa galyp,
Taýýar häzir söweşmäge başa-baş.
Mertden eýmenmegiň zyýany ýokdur,
Birsalym endamyň tikeneklesin.
Azar bermäliň biz kepjebaşlara,
Gömülgenden bolsa hudaý saklasyn.
***
Ýandepderçedäki ýazgylardan
Kyrkdan soň akylyň goýalsa — ýagşy,
Hata eden adam uýalsa — ýagşy.
Suw ýaly maşyn däl, bagt diýlen zat.
Olam öz ýerinde aýalsa — ýagşy.
***
Guwwasmyň, deňizde çümmäni başar,
Näkesleň ýanynda dymmany başar.
Onam başarmasaň, şolaň teninde
Aldajy baş ýaly dömmäni başar.
***
Ýazsyramak gyşy gardan aýyrar,
Suwjuklyk myhmany törden aýyrar.
Köpbilmişlik edip, mekirlik satsaň,
Bir gün seni dosty-ýardan aýyrar.
Tagan SÖHBEDOW.