Göwün küýsegiSlider

Ynha, ýene bosagada tylla güýz!

Söýgüli şahyrymyz Kakamyrat Rejebowyň güýz hakdaky setirlerinden

30-08-2022 / 45

GÜÝZ
Bir süýjüje duýgy dolup ýürege,
Başly-barat oýlar täsin tijener.
Uzaltmaga aşyklaryň söhbedin,
Gör-ä, kem-kem uzap barýar gijeler.

Arzuwçylja alty ýaşly körpejäň
Mekdebe howlugşyn, tolgunşyn synlap,
Diýýän: «Garaşmaklyk neneň ýakymly»,
Diýýän: «Garaşmaklyk neneňsi kyn zat».

Ah, akja dişleri gädigem bolsa,
Dünýäsi şeýle bir doludyr olaň.
Kindiwanja, çepiksije, eýjejik…
Hersi uly dünýä ýalydyr olar.

Talyplyk bagtyny gujaklap barýan
ýaşlar bilen göwnüm göge göç urar.
Her ýyl güýz gelende, derýa deý akýan
ýaşlar bilen görke gelýär köçeler.

Baglar toý pişmesin seçer çar ýana,
Bagt derýasy tereňlener, durlanar.
Göýä toý buşlugyn dünýä ýaýmaga
Ýene gökde nyzam gurar durnalar.

Bir mähriban dostuň salam haty deý,
Paýhasly gojadan pähim-pent ýa bir?!
Ynha, ýene bosagada tylla güýz,
Ynha, ýene bosagada sentýabr!
***
 
GÜÝZ PEÝZAŽY
Eý-ho! Bu baglary…
Säher çaglary
Gyzgylt aly, symgylt sarysy bile,
Gün nurunyň zire-ziresi bile…
Gözleriňe dolup, owsunýar munda
Gözelligiň ömre hutma-hutlugy.
Ýa bu ýerde dönüp janly ertekä,
Ganatlary tel-tel… başy jygaly
Humaýun guşlary mekan tutdumy?!

Ýazdan galan elwan älemgoşarlar
Özlerin bu baga oklaýdymyka?!
Ýa goja tebigat geljek baharda
Dünýä paýlamaly öwüşginlerin
Şu ýere toplaýdymyka?!

Bir görseňem, herdemhyýal suratkeş
Döredermen bolup üýtgeşik eser,
Gursakda müň heser,
serde hyýaly…
Soňam baş çykarman,
ähli reňklerin
Uguralla seçip gidäýen ýaly.
***

KAKYP ÝÖR
Ýene-de güýz sary gussa öwrülip,
Ýalňyz kalplaň gapysyny kakyp ýör.
Göwnüm bolsa bulutlarda sowrulyp,
Al-asmanda gözýaşlaryn döküp ýör.

Saklanyň-a, toýnuk guran, eý, guşlar,
Siz ömrümiň ýyllaryna meňzeş-le!
Gizlesem – ahmyr-ah,
aýtsam – zeýrenç deý,
Soňsuz sözler bu gursagy ýakyp ýör.

Ýazdyrdykmy ýüki ýetmän menzile,
Ýa bu yşky öwürdikmi endige?!
Gör, bu güýzler ak sabalaň meňzine
Söýgimiziň suratyny çekip ýör.

Durmuşdyr bu, eder ýörer islänin,
Seljermez ol ýüregiňde besläniň.
Çytylma-da, sözlesene, asmanym,
Neçüýn Aý nur keşbin Günden bukup ýör?

Ulumsy boldummy, gedem boldummy,
Durmuş bilen oýun eden boldummy?!
Ah, bu hyýal henizlerem ter gülli
Şo-ol ýerlerde ýollaryňa çykyp ýör.

Dönüp gözýetimde sary salgyma,
Garagöz ýar, sen aglama, aglama!
Dolanmazmyň,
her gelende ýazlaram
Seniň elwan toý köýnegňi tikip ýör…

Kakamyrat REJEBOW.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu