Siziň üçin...Slider

Altyn güýz paslynyň ilkinji güni

30-08-2022 / 67

Çigreklije aýly gijelerde zemin üste düşen çyglar säher bilen ýukajyk gyrawa öwrüler. Nurly Gün ýerden sähelçe saýlanyp, kümüş tyglaryny gezände, daş-töwerek üýtgeşik gözellige beslener. Göýä Ýeriň ýüzüne asman dürlerini döken ýaly, tylla-zere meňzeýän damjalar bulduraşarlar. Bular — sahawatly güýz paslynyň ajaýyplyklary.

Hawa, güneşli Diýarymyza rysgal-bereketli güýz gelýär. Şahyrlaryň ajaýypdan-ajaýyp goşgy setirleri bilen waspyny söýlän güýz pasly ynsana ýakymly ýatlamalary—mekdep ýyllarynyň ýatlamalaryny peşgeş berýär. Sebäbi ähli ynsanlaryň ömrüniň belli bir bölegi gönüden-göni mekdep bilen baglanyşykly.

Güýzüň ilkinji güni—1-nji sentýabrda ak mekdepler mähriban çagalary gujak açyp garşylaýarlar. Mekdep—mukaddes ýer. Bu ýerde berkarar döwletimiziň nurly geljegi bolan ýaş nesle sowat-bilim öwredilýär, terbiýe berilýär.

Çaganyň ilhalar adam bolmagy üçin onuň ilkinji ädiminden içgin alada edip, terbiýe berip başlaýan, elbetde, ata-enedir. Yzysüre-de şol terbiýäni dowam etdirip, ösdürip başlaýanam terbiýeçilerdir, mugallymlardyr. Ene hüwdi bilen terbiýeläp başlasa, mugallym bu terbiýäni «A» harpyny öwretmek bilen dowam etdirýär. Bu gün bulutlaryň depesinde uçýan batyr uçarmanyň-da, ylym ummanynda täzelik açýan ak saçly akademigiň-de, gat-gat kitaplary ýazýan ýazyjynyň-da, başymyzyň täji bolan saglygymyzyň goragynda durýan ak ýektaýly lukmanyň-da, Watanymyzyň serhedinde polat gala ýaly bolup duran edermen serhetçiniň-de öz mugallymy bar. Hemme kişi özüniň ýeten derejesi üçin ene-atadan soň mugallymyna minnetdar bolýar.

Hawa, mugallymyň paýyna gaty uly jogapkärçilik düşýär. Onuň çaga terbiýesinde gatnaşmaýan meselesi ýok diýen ýaly. Ata-enäniň oňat terbiýesini dowam etdirmeklik gönüden-göni mugallyma bagly. Ol çagalaryň dogry ýol bilen gitmegine, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegine jogapkär bolup durýar. Terbiýe meselesinde säwlige ýol bermezlikde mugallymyň taýýarlygyna, paýhasyna köp zat bagly.

1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni çagalar üçinem, talyplar üçinem, bilim işgärleri üçinem uly baýramçylyk. Şol gün  mugallymlar, talyplar, okuwçylar, esasan hem, mekdep ýaşyna ýaňy ýeten çagajyklar täsin, gyzykly durmuşa gadam basýarlar. Şol gün ak mekdepleriň gapylary giňden açylar, güler ýüzli mähriban mugallymlar bagtly nesilleri gujak açyp garşylarlar. Şol gün ak mekdepleriň goýnuna ýygnanan çagalaryň «Salam, mugallym!» diýen sesleri şadyýan gülküleri bilen goşulyşyp, ajaýyp owaz bolup ýaňlanar. Mugallymlaryň çalajadan ýylgyryp baş atmalary nesilleriň mähirli nazary bilen utgaşyp, üýtgeşik görnüşi emele getirer. Jaň kakylar, mugallymlardyr okuwçylar batly gadamlar bilen özleri üçin taýýarlanan synp otaglaryna girerler. Ilkinji sapak başlanar…

Parahat AGYLBAÝEW,
«Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu