Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglandy. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy awgustda RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde habar berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy hormatly Arkadagymyzy Russiýanyň IV derejeli «Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglanmagy bilen mähirli gutlap, şu mynasybetli Prezident Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlag sözlerini ýetirdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň döwlet sylagynyň berlendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu sylagy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň bilelikde geçen döredijilikli ýoluna berlen ýokary baha, şol ýoluň ykrar edilmegi hökmünde kabul edýändigini nygtady.
«TürkmenGazet».