1-nji sentýabrda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli çäreler geçiriler. Şolaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy hem bar.
Hususan-da, şol günde Garaşsyzlyk binasyna hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül goýmak dabaralary geçiriler. Orta, ýörite orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar guralar. Ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen ilkinji okuw sapaklary geçiriler. Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze okuw-terbiýeçilik edaralarynyň açylmagy baýramçylygyň dabarasyny has-da artdyrar.
Ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylaryna Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatly sowgatlary — kompýuterleri gowşurmak dabarasy göz öňünde tutulýar.
26-njy awgustda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynyň dürli wakalara örän baý boljakdygyny belläp, Hökümet agzalaryna 1-nji sentýabrda orta we ýokary okuw mekdeplerine barmagy hem-de ýaşlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlamaklaryny tabşyrdy.
«TürkmenGazet».