“Aşgabat” aýdym-saz merkezinde höwesjeň ýaş aýdymçylaryň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan zehinli ýaşlaryň bu meşhur gözden geçirilişine 30 ýyl dolýar.
Ýaş aýdymçylaryň 12-si “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna hem-de gala konserte gatnaşmaga hukuk gazandy. Şanly sene mynasybetli bäsleşigiň netijeleriniň jemlenmegine we gala konserte geçen ýyllaryň şeýle gözden geçirişleriniň ýeňijileri-de çagyryldy.
Ýeňijiler şeýle kesgitlenildi:
— Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Gözel Akmyradowna Nurberdiýewa;
— “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň Kelete ülşüniň öýdeçi halyçysy Ýagşygül Gurbanannaýewna Muhammedowa;
— “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň Balkanabat nebit önümleri kärhanasynyň mehaniki abatlaýyş sehiniň başlygy Durdy Annamämmedowiç Annaýew;
— Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Batyr Bäşim ogly Agaýew;
— Lebap welaýat Medeniýet müdirliginiň Halaç etrap medeniýet bölüminiň Akgala geňeşligindäki Akgala oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bäşim Meretguly ogly Annaýew;
— Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Toýly Rahmedowiç Jumaýew.
Tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýeňijileriň altysynyň atlary yglan edilip, olar ýörite diplomlar we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan altyn zynjyr bilen sylaglandylar. Jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem gowşuryldy.
«TürkmenGazet».