«Associated Press» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 2022-nji ýyl hytaýlylar üçin 61 ýylyň iň yssy ýyly boldy. Guraklyk ekinleri guradyp, suw howdanlary bolsa ep-esli azalyp galypdyr.
Häzirki wagtda ýurduň hökümeti güýz hasylyny tygşytlamak üçin birnäçe çäreleri durmuşa geçirmeli diýen karara geldi. Güýzki hasyl Hytaýyň ýyllyk hasylynyň 75 göterimini özünde jemleýär. Hytaýda bulutlary sürüp ýagyşy ýagdyrmak üçin ýörite enjamlar taýýarlanylýar. Mundan başga-da, ekin ýerlerini uzak möhletli çygly saklamak üçin ýörite däri-dermanlar sepilýär.
Hytaýyň oba hojalyk ministri Tan Jentsýan geljekki 10 günüň ýurduň günorta böleginde tüwi öndürip ýetişdirmek üçin amatly döwürdigi barada hem aýtdy. Şeýle-de, güýzki bugdaý hasylyny tygşytlamak üçin gyssagly çäreleri görmegi tabşyrdy.
Birnäçe ýyl ozal Ispaniýa suw sepýän enjamlary gurmak we giňeltmek üçin 200 million ýewro maýa goýum goýandygyny habar beripdi. Netijede, täze tapylan bu usul ýurtdaky suw ýetmezçiligini ýeňip geçmäge ýardam eder.
«TürkmenGazet».