SliderŽurnalistiň sahypasy

Aslym, neslim, kesbim…

25-08-2022 / 11

Türkmen halky öz geçmişine, geçilen ýoluň durmuş tejribesine aýratyn sarpa goýýan millet. Bu hakykat milletimiziň nesil terbiýesine berýän aýratyn ünsünde, kämil garaýyşynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Döwletimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän mekdebe çeli çagalar edaralary, olarda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biz hem bilim ulgamynyň mekdebe çenli çagalar edarasynda zähmet çekýän bilim işgärleri hökmünde şeýle ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan körpe nesillere sowat öwretmekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarda çagalaryň irki ösüşinden başlap, aň ösüşi hem-de terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil sowady hem mekdebe taýýarlygy gazanylýar.

Çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ähli taraplaýyn zehin-ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak bilen olarda tebigata, zähmete, daşky-gurşawa söýgi döredilýär. Ýerine ýetirilýän meýilnamalaýyn hem-de guramaçylykly wezipeler ýaş nesilleriň ähtaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, döwletli döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Biziň esasy wezipelerimiz hem hut şunuň bilen baglydyr. Sebäbi ena-atalaryň yhlasyny yrýa etmeýän, il-ýurduna, mähriban Watanyna wepaly perzentleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Çünki halal, edep-terbiýeli, akyl-paýhasly, sagdyn garaýyşly, zähmetsöýer, merdana nesiller ýurdumyzyň ýüzüdir, ene-atalaryň yhlasynyň, şeýle-de ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň çeken zähmetiniň miwesidir. Goý, azaplar ýerine gowuşyp, diýilýän çagalar şular bolsun! Gözlerinde mähir nury görünip, il derdine ýarajak asylly perzentleriň sany kän bolsun! Döwleti yranmaz, rysgal-bereketli türkmen ojaklaryndan dörän mähriban körpelerimize hossarlyk aladasy bilen garap, olary hakyky manysyndaky nesiller edip ýetişdirmekde ähli bilim-terbiýeçilik işgärlerine abraý bersin! Sebäbi bize döwlet uly ynam bildirýär.

Şeýle jogapkärli wezipelerde zähmet çekmäge, döredijilikli işlemäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin bolsa biziň her birimiz Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Ähli babatda durmuş mekdebi bolup, ýolumyza halypalyk nuruny çaýýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA,
Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly 4-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulçysy, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu