Habarlar

Jebelde täze aeroportuň gurluşygy başlady

25-08-2022 / 14

Jebelde (Balkan welaýaty) Halkara aeroportuň gurluşygyna girişildi. Gurluşygy «Gündogdy» hususy kärhanasy alyp barýar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Balkan welaýatyndaky täze aeroport «2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde gurulýan bäşinji infrastruktura binasy bolar. Şu taslama laýyklykda türkmen paýtagtynda we ýurduň sebitlerinde howa gämileriniň täze gonalgalary guruldy, häzir hereket edýän aeroportlaryň, terminallaryň durky täzelendi, aerodrom gulluklary kämilleşdirilýär.

Jebelde 275 gektar meýdanda ýolagçy we ýük terminallary, dispetçer punkty, halas ediş we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 3200 metr uçuş-gonuş zolagy we 6 uçara hem-de 4 dikuçara niýetlenen duralga gurlar, golaýyndaky ýerler abadanlaşdyrylar. Netijede, Balkan welaýatynyň bu aeroporty agramy çäklendirilmedik, kän ýükli we ýokary derejeli uçarlary kabul edip biler, bu bolsa täze awiakompaniýalary çekmäge we ýük tarifleri bilen işlemäge mümkinçilik berer. Jebeldäki täze aeroporta senagat taýdan ösen Balkan welaýatynyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň wajyp bölegi hökmünde ähmiýet berler.

Bellemek gerek, täze bina Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurýan üçünji aeroport toplumydyr. Potratçy gurama Türkmenabadyň Halkara aeroportunyň gurluşygyna gatnaşdy, Kerki şäherindäki (Lebap welaýaty) aeroport toplumyny başdanaýak bina etdi. Jebeldäki täze howa gämiler gonalgasy Türkmenistanyň howa ulaglarynyň ösen ýerüsti düzümleriniň döredilmeginiň dowamy bolar.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu