Ýagty jahanda ynsan üçin ene—iň golaý, iň zyýada, iň mähriban mukaddeslik. Heý, onuň süýji sözüniň deňine ýetjek zat barmydyr? Heý, onuň şirin hüwdüsiniň deňine ýetjek zat barmydyr? Heý, onuň üýtgeşik ýüreginiň deňine ýetjek zat barmydyr? Elbetde, ýokdur. Ol—ýeke-täk, elýetmez.
Ýollar nirä uzasa uzabersin, aýlanyp-dolanyp, ogul-gyzlaryny ýene enäniň ýanyna alyp geler. Ýagty jahana getirilen, ak süýt berlip ulaldylan, il hataryna goşulan perzentlere bar zatdan ozal ene gerek.
Maşgala ojagynyň odunyň hemişe ýanyp durmagy — ene üçin iň zerur zat. Sebäbi, birinjiden, bu—abadançylygyň, agzybirligiň alamaty, ikinjiden, ertir uly adam bolup ýetişmeli oglanjyklardyr gyzjagazlar edep-terbiýäni iki mukaddeslikden: abat maşgaladan hem-de dili süýji, eli hünärli eneden almaly. Halk arasynda häli-şindi aýdylýan: «Ene ýylgyrsa, älem-jahan ýylgyrar, ene çytylsa, älem-jahan çytylar» diýen aýtgy özünde uly manyny jemleýär. Tebigat ony Zemine zynat hökmünde ýaradypdyr.
Enäniň öz balasyny söýşüni, onuň üstünde kükregini gerşini hiç zat bilen deňär ýaly däl. Näçe ýaşy arka atsa atybersin, ogul-gyzy—ene üçin hemişe çaga. Şahyryň:
«Eje jan, bilmedim seni güldürip,
Men gitsem agladyň, gelsem agladyň»—
diýip ýazyşy ýaly, ene bireýýäm uly adam çykan, öýli-işikli bolan zürýatlaryny hamrak ýüregi bilen ýola ataryp, hamrak ýüregi bilen garşy alýar.
Adam özüni ýagty jahana inderen, daş-töweregine mähir bilen garamagy üçin kalbyna söýgi ornaşdyran käbesiniň geçen ýoluna ser salmagy başaranda, özi üçin birgiden ajaýyplyklary açýar. Ejesine bolan sylag-hormaty has-da artýar.
Dünýä jägildisi gulaklara hoş ýakyp, göwünleri göterýän akja bäbekden, öýüň töründe gurlan sallançakdan, bagtyýar ýaşlaryň toýlaryndan, ýaşulularyň agtyk söýgülemeginden başlanýar. Bu ajaýyp zatlaryň ählisi zenandan gözbaş alyp gaýdýar. Hut şeýle bolany üçin hem, türkmen öz topragyny enä deňeýär, ony «ene toprak» diýip apalaýar. Toprak aman bolsa, ene amandyr, ene aman bolsa, toprak amandyr! Bularyň ikisi-de hemişe toý-baýrama ak pata berip oturandyr.
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.