Habarlar

Aşgabatda täze lukmançylyk merkezleri gurlar

24-08-2022 / 14

23-nji awgustda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamyna degişli käbir desgalar, hususan-da, 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezi barada hasabat berdi. Bu desga Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň düzümine girer. Bu ýerde hassa çagalara ýokary hilli we dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler.

Şeýle-de “Köşi” ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän Stomatologiýa merkezi barada hasabat berildi. Merkezde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, irki döwürde anyklamak we bejergi işlerini geçirmek hyzmatlary amala aşyrylar. Wise-premýer “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ýerleşdirilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda degişli halkara bäsleşigiň jemleri jemlener we onuň ýeňijisi kesgitlener.

Hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu