Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi öz işine başlar. Ençeme ýylyň dowamynda emele gelen däbe görä, halkara durmuşyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistan nobatdaky syýasy möwsümde ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Möhüm şanly senä — Türkmenistanyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň işiniň esasy ugry ählumumy derejede pugta we uzak möhletleýin parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekden hem-de goramakdan ybarat bolar. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle-de onuň kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar. Ýurdumyz şol ýöriteleşdirilen düzümleriň agzasy bolup durýar.
Türkmenistan döwletleriň köptaraplaýyn netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň umumy prosesiniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogyň binýadyny döretmegi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy gazanmagyň şertleriniň biri hasaplaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň ähmiýetini bellemek bilen, onuň düzgünnamalaryna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürleýär.
Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryna möhüm ähmiýet bermek hem-de 2022-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara almak bilen, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna bu merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi, bu resminamada soňky ýyllaryň möhüm wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek bilen bagly wakany beýan etmegi göz öňünde tutýar.
«TürkmenGazet».