SliderTrend we gözellik

Türkmen toýlarynyň ýaraşygy

23-08-2022 / 31

Türkmençilikde ýagşy zatlary ýüze sylmak asylly däpleriň biri. Ýüze sylynýan zatlara bolsa ajaýyplyk we asyllylyk mahsus. Gelin getirmek üçin ýola çykan gelinalyjydyr, dürli maksatlar bilen bezelen ulag kerwenleri hem halkymyzyň ak arzuwlar bilen ýüze sylýan zatlarynyň biri. Çünki onda ynsan durmuşynyň ýatdan çykmajak pursatlary, ýyllara siňen arzuwlary hem-de ykbalynyň iň naýbaşy wakalary jemlenýär.

Olar hem-ä gözelliklerden bezelýär hemem köňülde edilen arzuwlaryň wysaly bilen beslenýär. Türkmen toýlarynyň ýaraşygyna öwrülen şeýle gözelliklere çeperçilikli çemeleşmek we oňa goşant goşmagy maksat edinýän döredijilikli ildeşlerimiziň bolsa gün-günden sany artýar. Çünki toýa hyzmat etmek türkmen halky üçin mertebelilikden alamat.

Indi birnäçe ýyllardan bäri aşgabatly ildeşimiz Gülnar Täjiýewa hem gelnalyjy we beýleki dabaralar üçin toý ulaglaryny bezemek, oňa milliligiň gözegelüwli öwüşgünlerini çaýmak bilen meşgullanýar. Onuň örän çeperçilik we sünnälik bilen bezeýän kejebeleri müňlerçe toý kerwenleriniň başyny çekdi. Toý şowhunyny alamatlandyrýan, tutuş märekäniň şatlygyny göterýän  gelinalyjyny ünsi çekiji we göwün göteriji edip bezemek aňsat işem däl. Toý sesi bilen ýollary külterläp barýan bezemen kerweniň nusgawylygyny, täsirliligini, niýetlenilýän dabara mahsuslygyny gazanmak üçin oňa döredijilikli çemeleşmek zerur. Gülnar hem öz bezeýän gelnalyjylarynydyr, dürli maksatly dabaralar üçin niýetlenilen maşynlary millilik ruhuna çaýýar, zamanamyzyň ruhunda döwrebap görnüşde bezeýär.

Dizaýnerçilik we çeperçilik nukdaýnazaryndan biri-birinden owadan çykýan gelnalyjylar, bäbek getirmek üçin niýetlenilen maşynlar, agşamky toý dabaralary üçin münüljek ulaglar özüne mahsus keşbe eýe bolmaly. Şonuň üçin hem hemişe döredijilik gözleginde bolýan kalby ylhamly ýaş zenan sünnä sungata meňzeş bezeg eserlerini döretmegiň hötdesinden gelýär. Ýeri gelende bellesek, ezber zenan öz ussatlygyny we döredijiligini has giňişleýin baýlaşdyrmak, halkymyza edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge goşant goşmak maksady bilen hut şu çygyrda iş alyp barýan «Gyzylgül» toý salonyny — studiýasyny hem esaslandyrdy. Ol öz studiýasynyň hyzmatlaryny tanyşdyrmak maksady bilen, şu ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sergä hem gatnaşyjydyr.

Esasan hem onuň mähri we yhlas siňdirip bezeýän ulaglaryna gadymy türkmen dünýäsiniň alamatlary mahsus. Onda zenan şaý-seplerine, türkmençilige mahsus reňklere, milli gymmatlyklarymyzyň şekillerine, al-elwan güllere, toý nyşanlaryna we beýleki özüne çekiji çeperçilik serişdelerine aýratyn orun berilýär. Şeýle sazlaşykly we giň mazmunly bezelen ulaglar bolsa türkmen durmuşynyň toý-tomaşasyny buşlap ak ýollardan ugur alýar. Öňi bitin çörekli, içi täze ykbalyň duýgularyna daşy bolsa tüýs toý keşbine beslenen ulaglary synlanyňda we ýüze sylanyňda hem döwletli döwrümize, toý-baýramly ömrümize bolan guwanç buýsanjyň goşalanýar.

Goý, bagtyň buşlukçysy bolup toý sesi bilen garşylanýan şeýle ulaglara münüp gelin getirmek, perzent garşylamak, toýa tarap ýola çykmak her bir ynsana nesip etsin!

Aýgül MUHAMMETDURDYÝEWA,
Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu