Habarlar

Birinji synp okuwçylaryna şahsy kompýuterler gowşurylar

22-08-2022 / 23

Bosagada — 1-nji sentýabr, täze okuw ýyly. Ýurdumyzda täze okuw ýylyna giň gerim bilen taýýarlyk görülýär. Bu güne 1-nji synpa gitmeli körpejeler has hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çünki täze okuw ýylynyň başynda olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan okuwçy noutbuklary gowşurylar.

Kompýuterleriň operasion ulgamy okuw maksatnamalaryndan başga-da, aň ösdüriji dürli goşundylary goýmaga mümkinçilik berýär. Şahsy kiçi kompýuteriň operatiw huşy iki gigabaýt, içerki hakydasy 32 GB-a niýetlenen.

Mundan başga-da, ýörite programmalarda türkmen, rus we iňlis dilleri bar, bu bolsa daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenýän çagalar üçin örän oňaýlydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu