Siziň üçin...Slider

Wagt bilen bagly 12 syr

22-08-2022 / 19
  1. Işlemäge wagt tapyň — bu üstünligiň bahasydyr.
  2. Oýlanmak üçin wagt tapyň — bu güýç-kuwwatyň gözbaşydyr.
  3. Oýnamak üçin wagt tapyň — bu ýaşlygyň — juwanlygyň syrydyr.
  4. Okamak üçin wagt tapyň — bu bilimleriň düýp esasydyr.
  5. Ybadat üçin wagt tapyň — bu halallyk ýoludyr.
  6. Dostluk üçin wagt tapyň — bu bagtyň gözbaşydyr.
  7. Söýgi-mähir üçin wagt tapyň — bu durmuşyň mukaddes peşgeşidir.
  8. Arzuw etmäge wagt tapyň — diňe şeýle ýagdaýda ruh ýyldyzlara ulaşyp biler.
  9. Gülki üçin wagt tapyň — ol durmuşdaky kynçylyklardan baş alyp çykmaga ýardam eder.
  10. Gözellik üçin wagt tapyň — ol çar ýanymyzda näçe diýseň bardyr.
  11. Saglyk üçin wagt tapyň — bu durmuşyň ýeke-täk genji-hazynasydyr.
  12. Planlaşdyrmak üçin wagt tapyň — bu ýokarky 11 iş üçin nädip wagt tapmalydygynyň syrydyr.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu