Türkmen agyr atletikaçylary Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda dürli derejeli medallaryň 13-sini gazandylar.
Agyr atletika boýunça ýaryşyň jemleýji güni ildeşimiz, Marydan halkara derejeli sport ussady Hojamuhammet Toýçyýew 109 kg. çenli iň agyr agramda çykyş edip, üç medal eýeledi. 30 ýaşly türgen silterläp götermekde 184 kg. netije bilen kümüş medala mynasyp boldy.
Mundan ozal Türkiýede geçirilýän V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynda Ýulduz Jumabaýewanyň 49 kg. çenli agramda üç bürünç, Kristina Şermetowanyň 55 kg. çenli agramda silterläp götermekde altyn we itekläp götermek boýunça hem-de jemi netije boýunça iki kümüş, Gülnabat Kadyrowanyň 71 kg. çenli agramda iki altyn we itekläp götermekde bir bürünç medal, silterläp götermekde 107 kg. iki synanşygyň jemi boýunça 225 kg. netije bilen V Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň iki rekordyny goýup, şu bäsleşigiň çempiony boldy. Olaryň birinjisi (107 kg) Türkmenistanyň täze rekordydyr, ikinjisi – onuň geçen ýyl Daşkentde geçirilen dünýä çempionatynda 225 kg. netijesi bolsa milli rekordyň gaýtalanmagydyr.
21 ýaşly agyr atletikaçy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Döwranbek Hasanbaýew Türkmenistanyň toparyna ýene bir medal getirdi. Ol 96 kg. çenli agramda silterläp götermekde 165 kg. netije bilen kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Döwranbek itekläp götermekde 183 kg. göterip, bäşinji, jemi 348 kg. netije bilen dördünji orny eýeledi.
«TürkmenGazet».