Göwün küýsegiSlider

Ýürege ýakyn goşgular

Söýgüli şahyrymyz Berdinazar Hudaýnazarowyň halkyň ýüreginden ýer alan käbir goşgularyny paýlaşmak isledik

19-08-2022 / 67

Ykbala

Arzuwym o diýen ullakan zat däl:
Altyn däl, maşyn däl,ýa samolýot däl,
Owadan jäjek däl, ýasama at däl,
Ilkinji dilegim – kemlik den sakla.

Hemmejämiz adam – özümiz deň däl,
Kimiň düýbi çuňňur, kimiňki çuň däl.
Danadan öwrenmek beýlekä geň däl
Şeýle bolsun: Gyradeňlikden sakla.

Çagalygyň hözirinden aýyrma,
Ata ýurduň huzuryndan aýyrma.
Ömrümboýy emma emläp doýurma,
Wagty geleninde emzikden sakla.

Ene-de, ata-da bir gün gitmeli,
Soň özümiz olaň ornun tutmaly.
Gözýaşdanam halas etseň et weli,
Ýalbarýan, ýüregi doňlukdan sakla.

Işim rowaçlanyp ugrugan ýerde,
Ýolukdyrma hernä bolgusyz derde.
Asly ýeke, özi çäkli ömürde
Başganyň üstünden gülmekden sakla.

Öz ýolumda ýoldaşyma ynanman
Ýaşamaly etmäweri, eý aman!
Owalbaşda öz sazyňa guwanman,
Özgäniň sazyny çalmakdan sakla.

Bu owadan dünýä – guwanjym meniň,
Ygtybar dostlarym – daýanjym meniň.
Mukaddes baýdagym – ynanjym meniň,
Del baýdaga tagzym kylmakdan sakla.

Yzyňa göz aýla: nähili bolup
Geçdiň agyr döwrüň jahyly bolup.
Indem uly iliň şahyry bolup
Biarzy, bigadyr bolmakdan sakla.

Bir adam deregine alsalar sana,
Bolubilýär, eýsem, armanym näme?
Özgä öwüt berip danadan dana,
Soňundanam tarap çalmakdan sakla.

Başym bir, ýüzümem bolmasyn iki.
Özümi daraýyn hemmeden ilki.
Märekä baş etseň, etmäwer gülki,
Aşa ýüki arka almakdan sakla.

Garaşly etmeseň özümçe ýoga,
Taýýardyryn her dem „sag bol“ diýmäge.
Ygtyýar ber, gazanjymy iýmäge.
Azana duş etme, emgekden sakla.

Är dek çekip näme gelse başyňa;
Güýzüňden golaýlap barýaň gyşyňa…
Ýüküň bolsa ur ýene-de gerşime,
Oňa derek nähak ýumrukdan sakla.

Sabyr

Gün dogar, Aý dogar öz wagty bilen,
Öz wagty gelende süýjär almalar.
Başagaý durmuşda darykma, kalbym,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bir ömürde müň alada-gaýgy bar,
Adamlaryň garasy bar, agy bar.
Şükür, ýöne ähli zadyň çägi bar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Bugdaýa suw tutsaň, çaýyr-da ganýar.
Laçyna öýkünip, garga-da gaýar.
Çybyklar çüýreýär, töňňeler galýar,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Eşegiň yzyna tirkelen düýe
Namysdan ölenmiş öz etin iýe…
Urpak tozap gider, butnamaz gaýa,
Gyssanma, hemme zat ýerbe-ýer bolar.

Mydam bolup durmaz dokuzyň doly,
Başyňy belent tut, pesde tut päli.
Küşdüň mallarynyň dikilşi ýaly,
Gyssanma, hemme zat ýerbe ýer bolar.

***

Bu peşgeş berilen çäklije ömri,
Guwanyp geçiriň, söýüp geçiriň.
Kitüwden-kineden belentde boluň,
Paýhasa-pähime uýup geçiriň.

Özüňi tanamak bolsa näçe kyn,
Il-gün tanar – oňa ýakyn dur, ýakyn.
Ýaşamaň jahanda ogrygyn-bukyn,
Dünýäň gözelligin duýup geçiriň.

Säher yhlas bilen saýranda guşlar,
Hiç kim diňlemese aglaýarmyşlar.
Undulmasyn dost-ýar, dogan-gardaşlar,
Sarpa saklaň, hormat goýup geçiriň.

Ýagşy bar, ýaman bar – etmäli inkär,
Bigünä geldiňmi – gitme günäkär.
Ömrüm, tiz geçseňem, geçmediň bikär –
Är kimin ýaşadym diýip geçiriň.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Ünsüňizi çekip biler

Bir Yorum

Leave a Reply

Başa dön tuşu