1992-nji ýylda Halkara haýwan hukuklary jemgyýetiniň teklibi bilen döredilen «Bütindünýä öýsüz haýwanlaryň güni» her ýyl awgust aýynyň üçünji şenbesinde giňden bellenilýär.
Bu sene diňe bir baýramçylyk hökmünde däl-de, eýsem, öýsüz haýwanlaryň meselelerini çözmek, pajygaly ykballary hakynda habar bermek üçin hem amatly pursat hasaplanýar. Ýer ýüzüniň käbir ýurtlarynda öýsüz haýwanlar üçin haýyr-sahawat çäreleri, meýletinçiler tarapyndan bolsa ýörite auksionlar gurnalýar. Şeýle-de bu gün öýsüz haýwanlaryň öý eýelerine gowuşmaklary üçin amatly pursat bolup durýar.
Öýsüz haýwanlar gününiň esasy maksady bolsa öý haýwanlarynyň gözegçiliksiz köpeldilmegi sebäpli öýsüz pişikdir itleriň sanynyň köpelmeginiň öňüni almaklyk bolup durýar. Hut şu maksat bilen hem käbir weterinariýa klinikalarynda pişiklere we itlere mugt bejergi edilýär. Öýsüz haýwanlaryň takmynan, 75%-niň zalym eýeleri tarapyndan köçä çykarylandygy aýdylýar. Adamyň kömegi bolmazdan, öýsüz haýwanlar açlyga we ölüme sezewar bolýarlar.
Haýwanlary zalymlykdan goramaga gönükdirilen ilkinji hereketler 1822-nji ýylda Angliýada geçirilýär. Öýsüz haýwanlar üçin iň amatly şertler bolsa Awstriýada bar diýip hasaplanýar. Çünki bu ýerde itleriň guýrugyny we gulaklaryny kesmek, sirklerde ýabany haýwanlary ulanmak, hatda olary satmak hem gadagandyr. Haýwanlaryň hem edil adamlaryňky ýaly ugurtapyjylyk, parahatsöýüjilik, durmuşa bolan söýgüsi ýaly gowy häsiýetleri bardyr.
Onda näme, geliň, biz hem haýwanlara garşy mähirli bolalyň! Olara azajyk hem bolsa özleri barada aladalanýandygymyzy görkezeliň. Belki bu gün ýa ertir däl, ýöne olar hem biziň mährimize hökman jogap bererler.
Şöhrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.