Häzir Ýyldyz senenamasynyň Ýaldyrak döwri dowam edýär. Ýaldyrak — awgust aýynyň 12-si — sentýabr aýynyň 22-si aralykdaky döwür.
Bu döwür Uly Köpek ýyldyzlar toparyna degişli iň ýagty ýyldyz bolan Ýaldyragyň daňdanlar gündogarda dogmagy bilen başlanýar. Ol Üçýyldyzyň aşak ýanyndan görünýär.
Aralyk hem-de Üçýyldyz döwrüniň öte yssysyndan ýadan adamlar Ýaldyragyň dogaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Çarwalar meýdanlarda teneçirleriň uçup başlamagyny, geçiguşlaryň görünmegini Ýaldyragyň dogmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýaldyrak döwründe ýurdumyzda açyk, ygalsyz howa bolup, onuň derejesi kem-kemden peselip başlaýar. Döwrüň başynda gündizine howanyň +40 gradusdan ýokary bolýan wagty az bolmaýar. Şeýle-de bolsa, gijeler kem-kemden salkynlap, otlaryň üstüne çyg düşüp başlaýar. «Ýaldyrakda gün sowar» diýlişi ýaly, sentýabr aýy golaýladygyça Günüň howrunyň peselýändigi äşgär bildirýär.
Göwher MOWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.