Fotosurat üýtgeşik hadysadyr, sebäbi fotosuratlar wakalary, gyzykly pursatlary, ajaýyp ýerleri, adamlary, gaýtalanmajak günleri ýatdagalyjy pursat hökmünde taryha öwürýär …
Olar bilen geçmişe gaýdyp bilersiňiz, sebäbi suratlara seredenimizde köp zatlary ýada salýarys. Mundan başga-da, käbirleri üçin surata düşmek diňe bir güýmenje däl, eýsem hünär we hat-da sungatdyr.
Her ýyl 19-njy awgustda Bütindünýä Surat güni bellenilýär. Bu sene 2009-njy ýylda Awstraliýaly «Korske Ara» atly suratçynyň başlangyjy bilen döredildi. 1839-njy ýylyň 19-njy awgustynda köpçülige surat çap
etmegiň usuly – daguerreotip, suratyň prototipi hödürlendi.
Häzirki wagtda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda diýen ýaly berk ornaşan fotosuratyň uzak taryhy bar. Emma surata düşmegiň ilkinji amaly usuly hasaplanýan daguerreotip – demir plastinkada şekil almak
prosesi hasaplanylýar. Has dogrusy, 1820-nji ýyllaryň başynda fransuz oýlap tapyjysy Jozef Niepçe tarapyndan
ilkinji fotosurat döredilipdir.
Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyñ talyby.