HabarlarSlider

Mekdep bazarlary dowam edýär

Okuw möwsümine taýýarlyk

11-08-2022 / 10

Şu günlerde täze okuw ýylynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan döredilen mekdep bazarlary gyzgalaňly dowam edýär. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek ýa-da täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän talyp ýaşlar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan, eýýäm ençeme ýyldan bäri däbe öwrülen mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary, ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar.

Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren dürli ölçegdäki mekdep lybaslary hil taýdan göze gelüwliligi bilen alyjylaryň göwnünden turýar. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçy gyzlarda höwes döredýär. Oglanlar-da bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslarynyň — köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň içinden göwnüne ýaranyny höwes bilen satyn alýarlar. Bazaryň tekjelerine bezeg berýän, nepis bejerilen başgaplar, ýantorbalardyr okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Esasy bellemeli zat mekdep bazarlarynda harytlaryň nyrhynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagydyr.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu