Adam durmuşynyň mawy ekran bilen arabaglanyşygynyň artýan we gün-günden ösýän zamanasynda türkmen teleradio ýaýlymlarynyň işini kämilleşdirmäge we milli ekran sungatyny ösdürmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Halkymyzyň halajak we uly gyzyklanma bilen tomaşa etjek tele gepleşiklerini taýýarlamak hem bu ugurdaky möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.
Indi birnäçe ýyldan bäri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen açylan «Türkmen Owazy» teleradioýaýlymynyň döredijilik topary hem öz tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanýan gepleşikleri taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Ildeşlerimiziň höwes bilen synlaýan we ýaýlyma goýberilmegine bolan islegleri barha artdyrýan gepleşikleriň biri hem «Arzuwly aýdymlardyr».
Bu gepleşik birnäçe ýyllardan bäri ýaýlyma goýberilip, her hepdäniň sişenbe we anna günleri öz tomaşaçylaryny begendirýär. «Arzuwly aýdymlar» gepleşiginiň adyndan hem mälim bolşy ýaly, gepleşige berlen wagtyň dowamynda tomaşaçylaryň arzuwlary, islegleri esasynda ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň, estrada ýyldyzlarynyň we bagşylaryň şekilli aýdymlary ekrana çykýar. Sanly ulgamyň şertlerinde 0500 gysga belgi arkaly Diýarymyzyň çar künjeginden gepleşigimize gelip gowuşýan habarlardyr, hatlar, arzuwlardyr gutlaglar yzygiderli kabul edilýär. Olary okamak we paýlaşmak, ýaýlym arkaly islenen aýdymy tomaşaçylarymyza ýetirmek bolsa biziň döredijilik toparymyz üçin egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär.
Türkmen durmuşy bolsa şanly wakalara, ajaýyp pursatlara, toýly günlere baý. Birek birege bolan hoş niýetleri, ak arzuwlary we toý gutlaglaryny ýaýlym arkaly paýlaşmak isleýän tomaşaçylarymyzyň ýörite habarnamalary esasynda goýberilýän şekilli aýdymlar arzuwlaryň mazmunyna, niýetlenilýän adama şeýle-de islegiň aýratynlyklaryna görä saýlanylýar. Öz söýüp diňleýän ýadymyny ýörite öz şanyna ýaýlymda eşitmek we tomaşa ýetmek bolsa doglan gününi ýa-da şanly senäni baýram edýän her bir ildeşimiz üçin ýakymly bolsa gerek.
Halkymyzyň isleg-arzuwlaryny beýan edip ýollaýan hatlaryny okap toý-baýramly, mähirli gatnaşykly we ak arzuwly döwrümize bolan buýsanjymyz goşalanýar. Geljekde hem döredijilik toparymyz bolup gepleşigimiziň sanly ulgam boýunça mümkinçiliklerini giňeltmek, ildeşlerimiziň arzuwlaryny wysal etmäge goşant goşmak bilen döredijilikli zähmet çekeris. Ýollanan hatlardaky ýagşy arzuwlara goşulyp biz hem Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys. Hoş owazlaryň ýaňlanýan ülkesinde goý, köňülde beslenen arzuwlar wysal bolsun!
Kemal ANNAÝEW,
alypbaryjy.