Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze köpriniň Demirgazyk — Günorta ugrunyň möhüm bölegine öwrüljekdigini, onuň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetli boljakdygyny belläp, gurluşyklaryň hiliniň döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, häzirki zamanyň ösen tejribesiniň hem-de täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy möhüm talapdyr.
Deňiz ýakasynyň hem-de Garabogazkölüň baý tebigy baýlyklaryny özleşdirmäge, bu ýerleriň geografik ýagdaýlaryny öwrenip, netijeli ulanmaga ýardam berer. Şeýle-de syýahatçylaryň Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen şypahana-dynç alyş desgalarynyň hyzmatyndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik döreder.
Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti iki ýylyň dowamynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden häzirki zaman awtomobil köprüsini hem-de oňa eltiji ýollary gurar. Iki sany hereket zolagyndan ybarat bolan awtomobil köprüsiniň umumy uzynlygy 354 metre, ini 21 metre deňdir.