Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi 12 – 18-nji awgust aralygynda Ýekaterinburgda geçiriljek Ýewraziýa yklymynyň öň görkezilmedik filmleriniň «Altydan biri» atly Birinji Halkara film festiwalynyň çäginde görkeziljek filmleriň maksatnamasyna girizildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
«Gyzyl kürte» çeper filmi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda düşürilipdir. Durmuşdan alnan bu hekaýatda ýanýoldaşy urşa giden oba gyzynyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Hatlarynyň birinde esger ýigit gelninden gyzyl kürtesini – milli bezegler bilen bezelen toý lybasyny aýyrmazlygy haýyş edýär.
Türkmenistanly kinosöýüjiler Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginde döredilen täze filme baha berip ýetişdiler. Ýurdumyzda filmiň görkezilişi şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň çäginde bolup geçdi. Film şu ýylyň iýul aýynda Türkiýede geçen TÜRKSOY halkara film forumynyň daşary ýurt giňişliginde-de görkezildi.
«TürkmenGazet».