Slider

Alabaýym — abraýym

04-08-2022 / 15

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri alabaý itleridir. Ata-babalarymyz türkmen alabaýlaryny idetmäge has gadymy döwürlerden başlapdyrlar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan it süňkleriniň galyndylary hem şaýatlyk edýär.

Çöl sähralyklarda ýaşan, çarwaçylyk bilen meşgullanan ata-babalarymyz öz ýaşaýşyny alabaýsyz göz öňüne getirip bilmändirler. Çünki wepalylygyň, gaýratlylygyň ajaýyp nusgasy bolan alabaý itler çöl-beýewanda çopanlaryň iň ýakyn hossary, daýanjy hasaplanypdyr. Mertligiň we namysjaňlygyň ýokary nusgasyny görkezýän türkmen alabaýlary ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem mynasyp orun eýeleýär.

Garaşsyz Diýarymyzda türkmen alabaý itleriniň nesillerine aýratyn üns bilen garalýar, olar halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanýar. Her ýyl ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenip geçilmegi, paýtagtymyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň baş binasynyň, «Türkmen alabaýy» ýadygärlik binasynyň, welaýatlarymyzda türkmen alabaý itleriniň merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi olara goýulýan ýokary sarpanyň aýdyň mysalydyr. Bulardan başga-da, ýurdumyzda türkmen alabaýlaryna eýeçilik gözi bilen garap, olary özüniň wepaly ýoldaşy hasaplaýan itşynaslara «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň berilmegi, her ýyl geçirilýän bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medalynyň berilmegi türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan alabaýlara goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Ylýas NURYÝEW,
Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň Bäherden etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu