Türkmen halkynyň ojaga, tamdyra, duz-çörege goýýan sarpasy gaty uludyr. Bu mukaddeslikler bilen baglanyşykly yrymlardyr ynançlar, söz düzümleri näçe diýseň bar.
Ojak sözi türkmende dogduk depe, ata Watan manysynda hem gelýär. Türkmen ýagşy adamlara häsiýetnama berende «Döwletli ojakdan örňän adam» diýer. Türkmen ojagyny maşgala döwletiniň, rysgalynyň binýady hasaplaýar. Ondan daşlaşmazlyga çalyşýar, ykbal çekip, nirelere düşse-de, ýene-de şol ojaga dolanyp gelmegiň umydynda ýaşaýar.
Halkymyz ojagyny, tamdyryny mukaddes hasaplaýar. «Ojakdan, tamdyrdan bökmek duzdan böken ýalydyr, günädir» diýip, çagalaryna sargaýar. Ojaga, tamdyra münmek hem günä hasaplanypdyr. Tamdyr, ojak salnanda onuň ýüzüne duzly suw çaýypdyrlar. Türkmen zenany «Tamdyra çörek ýapyp durka, gapdalynda erkek adamyň durmagyny halamandyr, çöregim gaçar» diýip, yrym edipdir. Täze öýlenen ýigit gelniniň ýüzüni görkezip bilmese: «Pylany-ha gelniniň ýüzüni görkezmedi welin, tamdyra çykanda ýüzüni göreris» diýip, degşipdirler. «Ojakda gazan gyşyk atarylsa, kimdir biri bilen öýkeleşiler» öýdülipdir. Düýşünde ot görmegi gowulygyň nyşany bilen türkmen ojakdan, tamdyrdan keramat gözläpdir. Pederlerimiz dişi, gözi agyrany tamdyryň, ojagyň daşyndan aýlasaň keselden saplanýar diýipdirler.
Gadymda türkmeniň öýlenjek ýigidi ojak gazyp, synagdan geçipdir. Sünnälenip gazylan ojak taýyn bolansoň, ýigidi synlamaga gelenler onda gazan ataryp, aşagyna ot ýakypdyrlar, ojagyň ody, tüssäni çekişine, agzynyň, körüginiň giňligine-darlygyna görä, giýew boljak ýigidiň öz maşgala ojagyna yhlasyna, onuň öý hojalyk işlerine nä derejede ökdeligine nyrh kesipdirler. Ojak türkmeniň bagrynyň badaşan mukaddesligidir.
Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.