Tomsuň lezzeti doňdurmadadyr. Çagalaryň bilen gezmäge çyksaň, doňdurmany bileje iýmegiň öz lezzeti bar. Doňdurma taryhymyzda bütin dünýä ýaýran iň lezzetli süýt önümleriniň biridir. Muny bilmek, elbetde, okyjylarymyz üçin-de gyzykly bolsa gerek.
XII asyrda hytaýlylaryň buz we süýt garyşygyny öwrenip, bu usuly Ýewropa alyp gidipdirler we wagtyň geçmegi bilen buzly nygmatlar peýda bolupdyr. Bu nygmat fransuz we italýan restoranlarynda örän meşhur derejä ýetipdir. 1676-njy ýylda Parižde 250-ä ýakyn doňdurma öndürýänler bolupdyr. 1851- nji ýylda bolsa, Yakob Fussel amerikan doňdurmasyny öndürip, satmaga başlapdyr. 1900-njy ýyldan soňra sowadyjylaryň örän ykjamlarynyň peýda bolmagy bilen doňdurma has giň ýaýrapdyr.
Süýt önümleri çalt zaýalanýan we ulanyş möhletini tiz ýitirýän azykdyr. Şu sebäpden garyşyk we hamyr ýaly süýtden öndürilen arassa doňdurma, ýalap ýa-da kiçijik bölejikler halynda iýlen ýagdaýynda dem alyş we siňdiriş beden agzalaryna hiç hili zyýanynyň ýokdugy hemmelere mälimdir. Ýöne arassa ýagdaýda öndürilmedik ýa-da saklanylmadyk doňdurmalar ýokanç kesellere ýol açyp biler. Şol sebäplem saglyk ýagdaýlaryna seresap çemeleşilen ýerlerinde öndürilen, gerekli ýagdaýda saklanan we satuwa çykarylan doňdurmalar iýilmelidir. Doňdurmany iýeniňden soňra bokurdagymyzyň agyrmagy mümkin. Şeýle ýagdaýyň çagalar üçin howply bolmagyndan gorkýan bolmagymyz ahmal. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, bu seýlebir howply hem däl.
Şu ýerde doňdurmany çagalara ilkinji gezek näçe ýaşynda bermek bolar diýen sorag ýüze çykmagy mümkin. Munuň üçin çagalara 2-3 ýaşyndan başlap doňdurma berlip bilner diýlip aýdylýar. Ýöne kiçi ýaşly çagalar üçin doňdurmanyň otagyň temperaturasyna ýakyn ýylylykda berilmegi dogrudyr. Doňdurmanyň iýmitlik derejesi ýokary hasaplanylýarmy diýen soragyň ýüze çykmagy mümkin. Doňdurma köp mukdardaky iýmit maddalaryny özünde jemleýändir. Şonuň üçinem onuň iýmit güýji — kaloriýasy has ýokarydyr. Elbetde, doňdurmany çagalara iýdirmegiň zyýanly ýerleri-de bolup biler. Sowuk bir zadyň iýilmeginden soňra agzyň içiniň gyzgynlygynda peselme bolýar we agzyň temperaturasynyň üýtgemegi netijesinde bokurdagymyzdaky bakteriýalar bedende käbir näsazlyklary döredip biler. Şonuň üçinem çaga doňdurmany kadaly bermek maslahat berilýär.
Şeýle hem biz doňdurma satyn alan wagtymyz iň esasy zat, onuň saglyk we arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda taýýarlanandygyna üns bermegimiz zerurdyr. Çünki, süýt bakteriýalar üçin has gowy ýerdir. Esasan hem ýaz paslynda bakteriýalar hasam köpelýärler. Yssy howada süýt çalt zaýalanýar we saglyga zeper ýetirip bilýär. Şonuň üçin hem ýörite gaplara gaplanan doňdurmalary iýmek has gowudyr. Bu önumlerde üns berilmeli zatlar, saklanylýan ýeriniň arassalygy we ulanyş möhletidir. Mundan başga-da, lukmanlar doňdurmanyň köp we ýygy-ýygydan iýilmeginiň çagalaryň semremegine hem getirip bilýändigini belleýärler.
Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniñ guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.