SliderSöz içinde gelin-gyzlar bolanda...Tagamlary taýýarlamak

Süýjüligiň lezzeti — şatlygyň nyşany

30-07-2022 / 48

Ata-babalarymyzdan gelýän süýjülikde gatnaşmak dessurynyň we süýji durmuşyñ simwoliki alamaty hökmünde belli bolan süýjülik nany, ýagny tort häzirkizaman döwrümizde ýygy-ýygydan datýan nygmatymyza öwrüldi.

Türkmen halkynyñ durmuşy şanly wakalara, belli senelere, toý-baýramlara baý. Şeýle pursatlarda bolsa toý saçagy aňsat şonsuz bolmaýar. Ol çagalary begendiriji, ululara lezzet beriji daşky görnüşi we süýji tagamy bilen özüne çekiji häsiýete eýe. Käbir ülkelerde bolsa, üstünde şem ýakyp wakaň sebäpkäri tarapyndan üflenip öçürmek däbi bar. Onuň saçagyñ merkezinde ýerleşdirilişem, adatça ähli tagamlardan soň dabaraly kesip datmak we dadyrmak dessuram hiç kimi biparh goýmaýar. Türkmeniñ eşretli durmuşynda şeýle önümler gündelik sarp edilýän iýmite öwrülip, adaty çaý başynyñ hem lezzeti tort bilen duýulýar.

Şoňa görä-de, bu önümiñ taýýarlanylyşy, bezelişi, azyklyk düzüminiň kämilleşdirilişi barha ýokarlanýar. Ony taýýarlamaga ukyply ussatlaryñ hem sany artýar. Halkymyza «eli süýjüligi» bilen süýjülik tortlaryny hödürlemegi maksat edinip, ajaýyp başarnygy bilen ussat çykan Bägül Taňryberdiýewa hem aşpezligiñ şu sungatyna çyn aşyklaryň biri. Ol paýtagtymyzyň ýaşaýjysy, ýaş zenan indi 3 ýyldan bäri öý aşhanasynyñ şertlerinde süýjülik tortlarynyñ dürli görnüşlerini bişirmek we bezemek bilen meşgullanýar. Esasan, ol belli seneler, ajaýyp pursatlar üçin niýetlenen daşky görnüşi taýdan wakanyñ ähmiýeti bilen mazmunly, datly tagamly tortlary taýýarlamagy ugur edindi. Döredijilikli çemeleşme, ekologiýa taýdan arassa düzüm, kompozision gurluş, sazlaşykly reňk we şekil, adaty däl tagamlar we ajaýyp bezeg onuň mähir siňdirip we zenan çeperçiligi bilen taýýarlaýan nygmatlaryna mahsusdyr. Şeýle-de Bägül tortlara degişli ýazgylary ýazmagy, senäni we wajyp belgini görkezmegi,  gutlag sözleri bilen bezemegi halaýar. Süýji tagamdaky süýji sözler bolsa has-täsirli görünýär.

Bägüliñ belleýşi ýaly, şeýle süýjüligi taýýarlamakda ýokary hilli un, ýumurtga, süýt, hamyr tozy, şeker, bal we beýleki islenýän tagam we ys beriji serişdeler ulanylýar. Goşmaça islege görä gury iýmişler, ter miweler, şokolad we beýleki konditer önümleri goşulýar. Sowgatlyk hökmünde taýýarlanýan tortuň niýetlenilýän şahsyýetiñ ýaşy, kär-hünäri, baýramçylygyñ görnüşi göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, çagalara niýetlenilen tortlar reňk we şekil taýdan tapawutlanyp, ony multfilmleriñ gahrymanlary, çagalyk dünýäsiniñ aýratynlyklary bilen bezemek doglan gününi baýram edýän körpejä aýratyn şatlyk bagyşlaýar. Aşpezligiñ örän gyzykly we täsirli bu ugry giñ gözýetimliligi, seresaplygy we duýguçyllygy, höwesli gyzyklanmalary talap edýär. Çünki tortuñ datly we özüne çekiji bolmagy saçak başyndakylara ýatda galyjy ýakymly lezzet bagyşlamaly.

Ol çaý başynyñ şeýle lezzetli nygmatyny bişirmegi we bezemegi çagalykdan arzuw edipdir. Bu gün bolsa arzuwlarynyň wysaly bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar. Geljekde süýjülik aşhanasynyñ ussat zenany has täsirli, sungat eserine çalymdaş desert önümleriniñ başga-da görnüşlerini döretmegi maksat edinýär.

Türkmen zenanlarynyñ şeýle ussatlygy we süýji elliligi buýsançly ýagdaý. Goý, şeýle ajaýyplyklara we süýji nygmatlara bolan islegleri artdyrýan toý-tomguly, şatlykly we dabaraly günlerimiz kän bolsun!

Aýna KULIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki  we ulag kommunikasiýalary  institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu