Habarlar

Gallaçy daýhanlarymyzdan hoş habar!

30-07-2022 / 25

Türkmen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu baradaky hoş habar 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçy daýhanlary we ähli türkmen halkyny sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylynyň öndürilip, Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň tabşyrylmagy mynasybeli tüýs ýürekden gutlap: «Ussat kärendeçilerimiziň, hususy önüm öndürijilerimiziň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, galla hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan her bir adamyň agzybirlikli, yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi» diýip belledi.

«TürkmenGazet».

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu