Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. 19 döwlet bolsa onuň awtordaşy hökmünde çykyş etdi. BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habar barada 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyldy.
Mejlisiň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň bu daşary syýasy ýeňşi bilen gutlap, munuň döwlet Baştutanymyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydygyny nygtady.
«TürkmenGazet».