Döwrümiziň tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň tiz depginde ösýändigine we durmuş gurşawynda tehniki enjamlaryň artýandygyna garamazdan, el işlerine we millilige bolan garaýyş adamlaryň hemişe ünsüni özüne çekmeginde galýar. Muny paýtagtly ildeşimiz Jeren Gurbanowanyň el işleri bilen tanyşanyňda hem duýmak bolýar.
Ýaş zenan bäş ýyldan bäri şahsy el işi, has takygy, witraž işi (aýnanyň ýüzüne surat çekmek sungaty) bilen meşgullanýar. Ol 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny arhitektura-dizaýn ugry boýunça tamamlady.
Hünäri arhitektura-dizaýn bilen bagly bolsa-da, ol aýna ýüzli sagatlary ýasamak, haşamlamak we nagyşlamak ugrunda ussatlyga ýetişdi. Onuň sünnälik bilen döreden işleri milli öwüşgini, reňk aýratynlygy, durmuşda wajyplygy, öý we ofis bezeglerinde görnükliligi bilen tapawutlanýar.
Aýna bilen işlemek, inçe we çylşyrymly şekilleri ýylmanak tekizlige çekmek ussatlygy, kanagatlylygy we seresaplylygy talap edýär. Jereniň işlerini synlanyňda bolsa onuň bu işden ýakymly lezzet alýandygyny görmek bolýar. Çünki milli nagyşlara, owadan şekillere beslenen sagatlara gözüň düşende wagtdan ozal, onuň daşky görnüşi ünsüňe aralaşýar. Onda ýiti çeperçilik we yhlas aýdyň duýulýar. Onuň witraž işinde sagatlara aýratyn ähmiýet bermegi hem ýöne ýerden däldir. Bu onuň ýaşaýyşda wagta aýratyn sarpa goýýandygyny, wagtyň wajyplygyny ileri tutýandygyny alamatlandyrýar.
Iş prosesi barada bolsa, J.Gurbanowa şeýle belleýär:
― Sagatlary ýasamak witražynda ilki bilen hyýala getirmeler peýda bolýar. Soňra kompýuterde döretjek eserimiň eskizini çyzýan. Onda önümiň ölçegi, figurasy, diametri we beýlekiler göz öňüne tutulýar. Soň reňk sazlaşygyny düzýärin. Taýýar bolan dizaýna laýyklykda, önümi haşamlamaga girişýärin… Işiň görnüşi üçin kadaly hasap edilýän wagtda bolsa adaty däl täze kompozisiýa kemala gelýär.
Onuň sagat kolleksiýalarynda milli nagyşlar, tahýalara salynýan keşdeler, türkmen gölleri, halkymyza mahsus şekiller, göz monjuklar, ýalpyldawuk gaşlar agdyklyk edýär. Gyzlaryň gül tahýasynyň depesini ýada salýan tegelek figuraly sagat zenanlaryň otaglaryna mynasyp gelşik berip biler. Oglanjyklaryň ak gaýma tahýasyny ýada salýan goçakly sagatlar bolsa ýigitleriň otagynyň dekorasiýasynyň milli öwüşgin taýdan baýlaşmagyny üpjün etse gerek. Aşhana we beýleki ýerler üçin niýetlenen sagatlar bolsa olaryň üstüni ýetirer.
Ýeri gelende bellesek, şeýle ajaýyp sungatyň ussady Jeren Gurbanowa ýurdumyzda we daşary ýurtlarda guralan halkara sergilerine hem gatnaşyp, abraýyny artdyrýar. Ol şeýle önümleri arkaly daşary ýurtlardan türkmen nagyşlary bilen haşamlanan eserleri bilen köp hyrydarlary özüne çekmegi başardy.
Geljekde bolsa, ol bu ugurdaky işleriň gerimini giňeltmegi, isleg bildirýänleriň interýerini doly kanagatlandyrmagy, aýna diwarlara, penjirelere hem beýleki niýetlenen ýerlere witraž işi boýunça «el yzlaryny» goýmagy maksat edinýär. Şu günler bolsa ildeşimiz Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine agza bolmaga taýýarlanýar.
Saýat AKMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.