Siziň üçin...Slider

Synagdan öňdäki gije

29-07-2022 / 18

Synag döwrüniň dartgynly geçýändigini şübhesiz aýdyp bileris. Esasan hem synagdan öňdäki gijede talyplaryňdyr okuwçylaryň men ýeterlik derejede taýýarlandymmykam ýa-da mundan-da köpräk taýýarlanmalykam diýen pikirler bilen wagtynda uka gidip bilmeýändikleri sebapli, bu gije olar üçin hasam agyr geçýär. Şeýle pikirleri etmek bilen talyplar öz dartgynlylyk ýagdaýyny has-da güýçlendirýärler. Synag gününi rahat hem-de asuda geçiresiňiz gelse, siz aşakda görkezilen iň oňat usullary ulanyp bilersiňiz.

  1. Sagdyn iýmitleniň.

Elmydama sagdyn iýmitlenmäge çalşyň! Esasan hem synagdan öňdäki gijede we synag güni bu has möhümdir.  Siz energiýaňyz üçin uglewodly önümleri, akyl ýetiriş ukyplaryňyz üçin bolsa belokly önümleri we az mukdarda şeker bilen iýmitlenip bilersiňiz. Has köp mukdarda şeker bolmagy sizi synagdan öňdäki gijede oýa tutup we synag güni ünsüňizi jemläp bilmezligiňize elter.

  1. Sagadyňyza tow bermegi unutmaň.

Eger-de siz synaga gijä galasyňyz gelmese, sagadyňyzy wagtynda gurmagy unutmaň! Hiç bolmanda birinji sagadyň jaňyny eşitmäýen ýagdaýyňyzda ätiýaçdan ikinji sagada tow berip goýuň.

  1. Ýeterlik derejede ukyňyzy alyň.

Ýeterlik derejede alnan uky beýniniň ösüşine hem-de maglumaty has gowy  saklamaga kömek edýär. Üstesine bu ýagdaý sizi synaga taýýarlykly ýagdaýda elter. Netijede synagdan bir gün öň azyndan 7-8 sagat ukyny almaklyk şertdir.

  1. Okuw konspektleriňizi gözden geçiriň.

Eger siz sapaklaryňyzy jikme-jik öwrenýän bolsaňyz onda synag dowründe siz has taýýarlykly bolarsyňyz. Ýatkeşligiňizi täzelemek üçin synag güninden bir gün öň okuw konspektleriňizi gaýtalamak siziň alan bilimleriňizi has-da berkitmäge kömek eder.

  1. Gaty giç sagatlara çenli okamaň.

Özüňizi giç sagatlara çenli okamaga mejbur etmäň. Bu ýagdaý sizi synag güni ýadawlyga eltip biler. Olara derek sagdyn agşamlyk naharyny edinip, ýatmazyňyzdan öň dynç almaklygy maslahat berilýär.

  1. Irdene taýýar boluň.

Siz synag güni ukudan oýanan wagtyňyzda, hiç bir zat hakynda alada etmek islemeýärsiňiz we şol sebäpli iň gowsy ertire agşamdan taýynlyk görmekdir. Ol taýýarlygyň içine ertirligiň taýýar edilmegi, şol günki geýjek eşikleriňiziň taýýar durmagy hem-de öz ýantorbaňyzy gerek zatlar bilen üpjün etmeklik girýär. Şu zatlary edip goýanyňyzdan soň, ertesi ir bilen turanyňyzda synaga gitmäge siz ýeterlik derejede taýýarsyňyz.

Merjen BAÝRAMGYLYJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu