26-njy iýulda Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Forumyň işine resmi wekiliýetler, alymlar we ylmy barlagçylar, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň, şol sanda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Eýranyň, Pakistanyň, Hindistanyň we Belgiýanyň öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň ýolbaşçylary we bilermenleri, sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de Owganystanyň wagtlaýyn Hökümetiniň wekiliýeti gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar şu gün Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmegiň we berkitmegiň bu ýurtda parahatçylygy gazanmak üçin möhüm görkezijiler bolmalydygyna düşünýändiklerini mälim etdiler, parahatçylykly, bölünmez, garaşsyz, ykdysady taýdan ösýän, terrorçylykdan we neşe serişdelerinden azat döwlet hökmünde bolmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Forumda Owganystanyň çaknyşykdan soň dikeldilmegine we dünýä jemgyýetçiligine goşulyşmagyna ýardam etmek boýunça halkara tagallalaryň birleşdirilmeginiň we bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine taýýardygy nygtaldy.
«TürkmenGazet».